Aşgabatda koreý dilinde kalligrafiýa bäsleşigi geçirildi


Aşgabatda Koreýanyň elipbiýiniň döredilen - Hangyl gününe bagyşlanan koreý dili boýunça kalligrafiýa bäsleşigi geçirildi.
Bu çäre, Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän Korol Sejong adyndaky Koreý bilim merkezinde geçirildi.
Bäsleşige dürli ýaşdaky we koreý dilini bilýän 50 töweregi okuwçylar gatnaşdylar. Olar dürli usullary we stilleri ulanyp, hangyl ýazmak sungatyna ussatlygyny görkezdiler.
Emin agzalary eserlere gözelligiň, özboluşlylygyň we sowatlylygyň ölçeglerine görä baha berdiler. Bäsleşigiň netijelerine esaslanyp, hangyl tehnikasyndaky iň oňat eserler saýlandy we Koreýadan gelen däp bolan sowgatlar bilen sylaglandy. Ýeňijiler Koreýanyň bilim merkezinden şahadatnamalary we diplomlary hem aldylar.
Koreý kalligrafiýa bäsleşigi Türkmenistanda koreý dilini we medeniýetini ýaýratmak, şeýle hem merkeziň okuwçylarynyň arasynda koreý dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmany we hyjuwy ýokarlandyrmak maksady bilen geçirildi. Korol Sejong adyndaky Koreýa bilim merkezi Aşgabatda 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda açyldy.
Merkez hemmeler üçin tölegsiz koreý dili kurslaryny hödürleýär, şeýle hem Koreýanyň taryhyna, edebiýatyna, aýdym-sazyna, kinosyna we medeniýetiň beýleki ugurlaryna bagyşlanan dürli çäreleri geçirýär. Bu merkez, Koreýa Respublikasynyň hökümetiniň howandarlygynda dünýäniň dürli ýurtlarynda işleýän 60 merkeziň biridir. Baş edarasy Seulda ýerleşýär.
ORIENT news








