HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň uly topary Türkmenistana geldi

Oktýabr 10, 2023 | 19:20 |6278
Olar Türkmenistanyň raýatlaryny bakalawr we magistratura okuw maksatnamalaryna çekmäge gyzyklanma bildirýärler.Olar Türkmenistanyň raýatlaryny bakalawr we magistratura okuw maksatnamalaryna çekmäge gyzyklanma bildirýärler.
Çeşme: orient.tm

Aşgabatda geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň işine gatnaşmak üçin Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň uly topary Türkmenistana geldi. Olar Türkmenistanyň raýatlaryny bakalawr we magistratura okuw maksatnamalaryna çekmäge gyzyklanma bildirýärler.

“ORIENT-e” mälim edilişine görä, N.I. Lobaçewskiý adyndaky Nižegorod döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini bakalawr okuw maksatnamasy boýunça tamamlan uçurymlara magistratura okuwlaryny dowam etmek üçin mümkinçilikleri hödürlär. Hökmany 2 ýyllyk iş tejribesini geçmeli talyplar okuwyny dowam etmek üçin (lukmançylyk, mugallymçylyk ugurly ýa-da talyp hakly okanlar) ýokary okuw mekdebi tarapyndan jemleýji bahalaryň tassyklanan sanawyny we ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakynda resminamany tabşyryp bilerler.

6525303b74c7d577791164.jpg

Aşgabatdaky sergide Russiýanyň diwarlygynda “Ýokary ykdysadyýet mekdebi” Milli ylmy-barlag uniwersitetiniň, Russiýanyň tehnologiýa uniwersitetiniň, Russiýanyň döwlet ynsanperwerlik uniwersitetiniň, M.Akmulla adyndaky Başkir döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň, Kazan döwlet uniwersitetiniň, Adygeý döwlet uniwersitetiniň, Demirgazyk-Kawkaz döwlet uniwersitetiniň, Perm politehniki uniwersitetiniň, Nižegorod döwlet tehniki uniwersitetiniň, Naberežnoçelninsk döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň, N.I.Lobaçewsk adyndaky Nižegorod döwlet uniwersitetiniň wekilleri bar.

Türkmenistanlylar üçin Russiýada hödürlenýän okuw maksatnamalary hakynda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilýän serginiň dowamynda has giňişleýin tanyşmak mümkin.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

16:35 Iýun 18, 2026
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026