Prezident Serdar Berdimuhamedow “Arkadag” medaly bilen sylaglandy


10-njy oktýabrda, sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde “Oguzhan” köşkler toplumynda geçirildi. Dabara ýurduň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Milli Mejlisiň Başlygy Dünyägözel Gulmanowa Mejlisiň Prezident Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag” medaly bilen sylaglamak baradaky Kararyny okady.

Türkmenistanyň bu döwlet baýragy ynsanperwer başlangyçlary giňden goldamak, gazanylan üstünliklere hormat goýmak, toplanan tejribe we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkara derejede işine goldaw bermek maksady bilen döredildi.
Bu baýrak, döwletiň sosial syýasatyny durmuşa geçirmäge, raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, jemgyýetiň durmuşyna we hemaýata mätäç adamlaryň, esasan hem çagalaryň jemgyýetiň işine gatnaşmagyna itergi berenligi, ilatyň saglygyny goramak, , haýyr-sahawat guramalary, ynsanperwer meýletinçiligi ösdürmek üçin hereket, enäni we çagany goramakda goşan goşandy üçin berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, bu ýokary sylaga halkyň kanuny bähbitleri goramak we üpjün etmek boýunça hukuk taýdan kepilliklerini döretmekde, aýratyn howandarlyga we hemaýata mätäç çagalary jemgyýete uýgunlaşdyrmaga we taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanuny we ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirendigi şeýle-de haýyr-sahawat işlerini ösdürmek, ynsanperwerlik, adalatlylyk we özara kömek bermek ýörelgelerini durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek üçin döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw berendigi üçin mynasyp boldy.
Mejlisiň Başlygy Prezidente “Arkadag” medalyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagynyň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we muny milli däp-dessurlara esaslanýan haýyr-sahawat işlerine berilýän baha hökmünde görýändigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen döredilen gazna asylly ynsanperwerlik işlerini alyp barýar. Döwlet Baştutany aýratyn hemaýata mätäçler üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurýar diýip, Hökümetiň Gazna bilen bilelikde geljekde hem bu işleri dowam etdirjekdigine ynandyrdy.
Dabarada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş edip, döwlet Baştutanyny bu sylagy bilen gutlap, Türkmenistanyň içerki we daşarky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň ynsanperwer ugurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň ýurduň raýatlaryna sosial ýeňillikleri bermek we iň amatly ýaşaýyş şertlerini döretmek üçin köp işleri edýändigi bellendi.

ORIENT news








