HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

SLB - "Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023" halkara forumynyň bürünç derejeli hyzmatdaşy

Oktýabr 10, 2023 | 19:40 |7712
Soňky ýyllarda energetika pudagy ählumumy özgertmeleri başdan geçirip, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin "ýaşyl" energiýa ugruny geljegiň ösüş ugry hökmünde saýlap alýan ýurtlaryň sany barha artýar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerine geçmek durnukly ösüş ýoly bilen öňe gitmekde möhüm ädim boldy. Howanyň üýtgemegi we metan zyňyndylarynyň möçberini azaltmak bilen bagly meseleler soňky ýyllarda Türkmenistanda geçirilýän halkara energetika maslahatlarynyň esasy üns merkezindäki wezipeler boldy.Soňky ýyllarda energetika pudagy ählumumy özgertmeleri başdan geçirip, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin "ýaşyl" energiýa ugruny geljegiň ösüş ugry hökmünde saýlap alýan ýurtlaryň sany barha artýar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerine geçmek durnukly ösüş ýoly bilen öňe gitmekde möhüm ädim boldy. Howanyň üýtgemegi we metan zyňyndylarynyň möçberini azaltmak bilen bagly meseleler soňky ýyllarda Türkmenistanda geçirilýän halkara energetika maslahatlarynyň esasy üns merkezindäki wezipeler boldy.
Çeşme: "Turkmen Forum"

Soňky ýyllarda energetika pudagy ählumumy özgertmeleri başdan geçirip, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin "ýaşyl" energiýa ugruny geljegiň ösüş ugry hökmünde saýlap alýan ýurtlaryň sany barha artýar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerine geçmek durnukly ösüş ýoly bilen öňe gitmekde möhüm ädim boldy. Howanyň üýtgemegi we metan zyňyndylarynyň möçberini azaltmak bilen bagly meseleler soňky ýyllarda Türkmenistanda geçirilýän halkara energetika maslahatlarynyň esasy üns merkezindäki wezipeler boldy.

25 - 27-nji oktýabrda Aşgabatda 18-nji "Türkmenistanyň nebiti we gazy" (OGT 2023) halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen bu forum nebitgaz pudagynda tejribeleri alyşmak, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek we bu ugurda syrategiýalary işläp taýýarlamak üçin amatly giňişlige öwrüldi. Sebit we halkara möçberinde möhüm ähmiýete eýe bolan forum nebitgaz taslamalary we halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly esasy meseleleri maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli ýolbaşçylary bir ýere jemleýär.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ileri tutýan taslamalary we maýa goýum ugurlary barada möhüm maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. "OGT 2023" forumyna gatnaşyjylaryň hatarynda ADNOC, BP, CNPC, "Petronas", "Dragon Oil", "Sumitomo", "Shell", "Yug-Neftegaz", "Tatneft", ENI, "Rönesans", SLB, "Tatneft" ýaly iri halkara kompaniýalaryň wekilleri bar.

SLB kompaniýasy (ozallar "Schlumberger" ady bilen tanalýan) energetika pudagy üçin tehnologiýalary we hyzmatlary hödürleýän dünýäniň iri kompaniýalarynyň biridir. Öz başlangyç taryhyny ylmy gözlegler bilen başlandygyna we uzak döwrüň geçendigine garamazdan, tehnologiýa ösüşine ygrarlylyk SLB kompaniýasynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

SLB pudaga degişli gözleg-agtaryş işlerinden, gazylyp alnan serişdeleri toplumlaýyn dolandyrmaga çenli, önümçiligiň ähli tapgyrlaryny öz içine alýan hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär.

1-2.JPG

Energiýa bolan ählumumy zerurlyklar we onuň täze çeşmelerine geçmek boýunça meýilleri göz öňünde tutup, geçen ýylyň 24-nji oktýabrynda "Schlumberger" kompaniýasy energetika täzeçilliklere we karbonsyzlaşdyrmak işine ygrarlydygyny nygtamak bilen özüniň täze "SLB" adyny öňe sürdi. Bu täzelik iri nebit hyzmatlary kompaniýasynyň dünýäniň durnukly ösüşi üçin energetika innowasiýalaryny ilerletmäge ymtylýan ählumumy tehnologiýa kompaniýasyna öwrülýäňdigini alamatlandyrdy. Kompaniýa bu meseläni özüniň tehnologiýa we önümçilik babatda toplan ägirt uly tejribesine daýanyp çözmäge taýýardyr.

Merkezi Aziýada 25 ýyldan gowrak wagtlap iş alyp baran SLB kompaniýasy özüniň müşderilerine hödürleýän gözleg-agtaryş, uglewödorodlary gazyp almak we dolandyrmak bilen bagly ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän we nebitgaz bazarynda aýratyn orny eýeleýän iri, garaşsyz kompaniýa öwrüldi. SLB kompaniýasy Türkmenistanda öz işlerini 1998-nji ýylda başlady we şondan bäri "Ýaşlar", "Çeleken" we "Burun" känlerinde işleri üstünlikli geçirdi.

SLB kompaniýasy Hazar sebitinde birnäçe tehnologiýalary, şol sanda "SandView", basyş güýjenmesini peseldýän tehnologiýany, "Premium Port", "Catenary Coiled Tubing Intervention" enjamlaryny ornaşdyrdy. Şeýle hem kompaniýa gaz känlerini berkitmekde ýokary hilli çäk izolýasiýasyny üpjün etmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalaryny hödürledi.

Dünýäniň 120-den gowrak ýurdunda iş alyp barmak tejribesinden ugur alyp, kompaniýa daşky gurşawyň goralmagyny özüniň işiniň üstünliginiň esasy şerti hökmünde görýär. Ekologiýa jogapkärçiligi we durmuş ugurlara berilýän üns kompaniýanyň strategiýasynyň möhüm düzümini eýeleýär.

SLB daşky gurşawa ýetirilýän negatiw täsirleri azaltmak boýunça başlangyçlary işjeň durmuşa geçirýär. Bu özüne energiýa sarp edilişini azaltmak, suwy tygşytlamaga we parnik gazlaryny daşky gurşawa goýberilişini peseltmek ýaly maksatnamalary öz içine alýar. Bu çäreler kompaniýa tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge we maliýe serişdelerini tygşytly dolandyrmaga şert döredýär.

2-2.JPG

SLB kompaniýasy dünýäniň ähli künjegindäki, şol sanda Türkmenistandaky desgalarynda energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde enegiýany tygşytlamak boýunça deňsiz-taýsyz maksatnamany - kompaniýanyň ýurdumyzdaky desgalarynyň biriniň işinde Gün batateýalaryny ulanmagyny görkezmek bolar. Ol 2021-nji ýylda ulanyşa berildi.

SLB kompaniýasy daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň möhümdigine oňat düşünýär we öz işgärlerini ekologiýa çärelerine gatnaşmaga çekýär hem-de ýaş nesiller bilen tebigy baýlyklary goramak babatdaky tejribeleriniň paýlaşýar. Şonuň üçin-de SLB kompaniýasynyň işi barha howpsuz, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar üçin özüne çekiji bolýar.

SLB-niň "OGT 2023" forumyna gatnaşmagy ýurdumyzyň we halkara energetika kompaniýalarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda nobatdaky ädim bolar.

Häzirki wagtda foruma gatnaşmaga dünýäniň 30 ýurdundan 400-den gowrak wekil hasaba alyndy. Onuň çäklerinde guraljaj sergide 70-den gowrak halkara kompaniýa özleriniň işleri bilen tanyşdyrar. Has giňişleýin maglumaty halkara çäresiniň resmi web-saýtyndan tapyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

16:35 Iýun 18, 2026
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026