

Hyundai Engineering - Aşgabatdaky OGT - 2023 nebit-gaz forumynyň kümüş hyzmatdaşy
25-27-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023” (OGT 2023) halkara maslahaty we sergisi geçiriler.


25-27-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023” (OGT 2023) halkara maslahaty we sergisi geçiriler.


Anna güni, Astanadaky türkmen diplomatik wekilhanasy, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Gazagystanyň paýtagtyndaky «Argymak» atçylyk toplumynda atly päsgelçiliklerden bökmek ýaryşyny gurady.


«Soýuzmultfilm» kinostudiýasynyň iň meşhur alty sany erteki şa gyzlary, täze «Şa gyzlary: erteki aýdymy» atly gysga animasion filmde peýda bolarlar. Multfilm şa gyzlary – «Soýuzmultfilm»-iň dürli ýyllardaky multiplikasiýa filmleriniň gahrymanlary, ilkinji görkezilşi ýylyň ahyryna meýilleşdirilýän Täze ýyl hekaýasynyň gahrymanlary bolarlar. Bu barada «Soýuzmultfilm»-iň baş prodýuseri Ýuliýa Osetinskaýa habar berdi.


“Ussatlar şäheri” - şol bir at bilen halk senetleri we seýrek we adaty bolmadyk hünärleriň taryhy barada gürrüň berýän sergi 29-njy sentýabrda Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebinde geçirildi. Seminarlar şertli bölünen bäş zonada ýerleşdi - bu ýerde iň oňat suratkeşler, dizaýnerler, keramikaçylar we halk we amaly sungatyň beýleki ugurlarynyň wekilleri üstünlikleriniň syrlaryny çagalar bilen paýlaşdylar.


Diplomat şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda strategik hyzmatdaşygyň ýola goýulmagyna 10 ýyl, ählumumy strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna hem 1 ýyl bolýandygyny belledi.


Işewürlik forumynda Türkmenistanyň energetika kuwwatlyklary barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda jemi 71,2 milliard tonna nebit gorlarynyň bardygy aýdyldy. Şonuň 53 milliard tonnasy gury ýerde, 18,2 milliard tonnasy hem deňiz ýalpaklygynda ýerleşýär.


Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dünýäniň iň belent "Burj Halifa" binasynda şöhlelendirildi. Bu bina Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýär.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-e iş saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.


Anna güni, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Berline iş saparynyň çäginde Germaniýanyň kansleriniň orunbasary, Federal ykdysadyýet we howany goramak ministri Robert Habek bilen duşuşdy.


Türkmenistan nemes kompaniýalaryny ýokary hünärli, jogapkärçilikli we hyzmatdaşlygyň gymmatlyklaryna düşünmek bilen tapawutlanýan ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde görýär. Aşgabat bu çemeleşmäni goldaýar we nemes kärhanalarynyň türkmen bazaryndaky işini has hem höweslendirer diýip, anna güni Berlinde geçirilen türkmen-nemes işewürler forumynda türkmen halkynyň Milli Mideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


Şu ýylyň ýanwar - awgust aýlarynda Hazarüsti ulag geçelgesi arkaly ýükleriň geçirilişi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 85,3 göterim ýokarlanyp, jemi 1,7 million tonna deň boldy.


Beýannamanyň taslamasynda GDA ýurtlarynyň özboluşly medeni mirasyny gorap saklamagyň we rus dilini milletara aragatnaşyk dili hökmünde wagyz etmegiň möhümdigi aýdylýar. Bilermenler beýannamanyň taslamasynyň mowzugy bilen baglanyşykly alnan teswirleri we teklipleri ara alyp maslahatlaşandan soň, anna güni Arkalaşygyň baş edarasynda geçirilen mejlisde resminamany taýýarladylar we ylalaşdylar. Hünärmenler ony bellenilen tertipde GDA döwletleriniň baştutanlarynyň geňeşiniň garamagyna tabşyrmak kararyna geldiler diýip, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.


"Türkmenhimiýa" döwlet konserni Germaniýa bilen himiki önümleri we çig mallary özara üpjün etmek pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge şeýle hem, hünärli işgärleri taýýarlamak, Türkmenistanda täze himiýa önümçilik desgalaryny gurmak üçin bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meselesinde gyzyklanma bildirýär. Muny “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Döwrangeldi Sapbaýew anna güni Berlinde geçirilen türkmen-nemes işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy.


Berlin şäherinde Türkmen-german işewürlik forumy geçirildi. Onuň işine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.


Kataryň paýtagty Doha şäherindäki Sheraton Grand Doha Resort & Convention oteliniň binasyna, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň milli baýdagy şekillendirildi.