HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow german kompaniýalarynyň wekilleri bilen Arkadag şäherindäki taslamalary maslahatlaşdy

Noýabr 02, 2023 | 15:57 |5652
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we gurluşygy alnyp barylýan metjidiň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we gurluşygy alnyp barylýan metjidiň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we gurluşygy alnyp barylýan metjidiň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Germaniýanyň ýurdumyzda saparda bolýan öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. GFR-iň “Edison Teсhnologies” kompaniýasynyň baş direktoryndan, “Teamtechniсk” kompaniýasynyň satuw boýunça wise-prezidentinden, “Reifenhäuser” kompaniýasynyň satuw boýunça menejerinden ybarat toparyň wekilleri amala aşyrylýan özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

2030-njy ýyla çenli ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamada Türkmenistanyň dürli künjeklerinde senagat toplumlarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilendigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow germaniýaly hyzmatdaşlaryň bu ugurda işlenip taýýarlanylan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşyp biljekdiklerini aýtdy.

Myhmanlar Germaniýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň 20-ä golaýyny özünde jemleýän konsorsiuma wekilçilik edýändiklerini aýdyp, Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar we Arkadag şäherinde bina ediljek lukmançylyk serişdelerini öndürýän toplumyň gurluşygyna gatnaşmagyň özleri üçin uly hormat boljakdygyny bellediler. Şeýle hem iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlary üçin hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçilikleri barada aýtdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026