HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Milli jebislik güni mynasybetli baýramçylyk çäresini guraýar

Noýabr 02, 2023 | 14:31 |9542
Russiýa Federasiýasynyň milli baýramçylygy - Milli jebislik güni mynasybetli, ýekşenbe güni, 5-nji noýabrda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminiň çäginde birnäçe çäreler geçiriler. Bu çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary hem çagyrylýar.Russiýa Federasiýasynyň milli baýramçylygy - Milli jebislik güni mynasybetli, ýekşenbe güni, 5-nji noýabrda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminiň çäginde birnäçe çäreler geçiriler. Bu çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary hem çagyrylýar.
Çeşme: rusnardom.ru

Russiýa Federasiýasynyň milli baýramçylygy - Milli jebislik güni mynasybetli, ýekşenbe güni, 5-nji noýabrda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminiň çäginde birnäçe çäreler geçiriler. Bu çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary hem çagyrylýar.

Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy şulary öz içine alýar: «Сила в единстве», (“Jebisligiň güýji”) atly rus ertekilerine esaslanýan interaktiw çykyş, “Russiýanyň halklary” temasynda ussatlyk sapaklary, şol sanda şekillerde “Moskwa-Siti” panelini bezemek; Ural tebigatynyň görnüşlerini monjuklar bilen bezemek; Demirgazyk Kawkazyň zenan baş gaplarynyň dizaýny; Tatarystanyň milli bezeglerini tarelkalara çyzmak; alajalardan “Altaý” tumaryny we monjugyny öndürmek; Demirgazyk halklarynyň milli ýaşaýyş jaýynyň (yaranga) nusgasyny ýasamak.

Şeýle hem «Многоликая Россия» (“Dürli görnüşli Russiýa”) wiktorinasy boýunça amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň ýarmarkasy guralýar. Başga-da festiwala gatnaşyjylara başkir, kawkaz, rus we ýakut ýaly halk tanslary hem görkeziler.

Çagalar üçin animatorlaryň gatnaşmagynda birnäçe güýmenjeler gurnalar: köpük rezin şowy, kinetiki çäge, stol futboly, howa plastinasy, halanýan multfilm gahrymanlary bilen reňkleýji kitaplar.

Çäreler 12:00-dan 16:00-a çenli dowam eder. Giriş tölegsizdir, ýöne gatnaşmak isleýänleriň ählisine otdel_tm@mail.ru salgysy ýa-da şu telefon belgisi: +99361 51 0398 arkaly öňünden hasaba alynmaklary haýyş edilýär, görkezilen belgä SMS habaryny hem iberip bilersiňiz.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölümi: Aşgabat ş, Türkmenbaşy şaýoly, 11-nji jaýy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026