Türkmenistan Daşkentde geçen YHG-niň ulag ministrleriniň mejlisinde mümkinçiliklerini tanyşdyrdy


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Ula ministrleriniň 12-nji mejlisine gatnaşdy. Ol penşenbe güni Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde guraldy.
Duşuşykda söwda we ulag gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, sebitde bar bolan ulag geçelegelerini ösdürmek we täzelerini gurmak, olaryň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek, bu ugurda özara gatnaşyklary berkitmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Mejlisde Türkmenistanyň ulag pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky tagallalary barada durlup geçildi. Şu maksat bilen milli ulag düzümleri ösdürilip, awto we demir ýollarynyň gurluşygyna, Hazar deňzinde port hojalygyny kemala getirilmegine iri maýa goýumlar gönükdirilýär. Bu işler Türkmenistanyň halkara logistika we ýükleriň üstaşyr geçirilişindäki ornuny pugtalandyrmaga şert döredýär.
Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew mejlisde eden çykyşynda Ýewraziýanyň merkezinde, gaýtalanmajak geografik çäkde ýerleşmek bilen Türkmenistanyň Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany baglanyşdyrýan halkara ulag geçelgeleriniň möhüm baglaýjysy bolup çykyş edýändigini nygtady.

Gazagystan - Türkmenistan - Eýran demir ýol geçelgesi sebit we halkara ulag geçelgelerini baglanyşdyrmakda, söwdany we üstaşyr ýük geçilişini ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde russiýaly, gazagystanly we eýranly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly demir ýol ýük konteýnerlerini daşamakda ýeňillikli tarifler ylalaşyldy. Bu ulag geçelgesiniň bütin dowamynda bitewi tarif ulgamyny emele getirýär. Bu halkara ulag geçelgesi boýunça yzygidelri ýük gatnawy ýola goýuldy. Çaklamalara görä, 2025-nji ýyla çenli halkara ulag geçelegesiniň gündogar şahasy arkaly Russiýadan eksport edilýän harytlaryň ýyllyk möçberi 5 million tonna ýetirilip bilner.
Milli gämigurluşyk senagatyny ösdürmek we milli flotyň kuwwatlyklaryny artdyrmak gün tertibindäki möhüm ugurlardyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekili "Balkan" gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň Koreýanyň Deňiz enjamlary assosiasiýasy bilen 6,1 müň tonnalyk umumy maksatly ýükleri daşamaga niýetlenen ýük gämilerini bilelikde gurmak hakynda şertnama baglaşandygyny nygtady.
"MPC 6,1K" synply köp maksatly ýük gämisi ürgün we konteýner ýüklerini daşamaga ukyply bolup, bu görnüşli gämiler Hazar sebitiniň suw giňişlikleri üçin-de amatlydyr.
Şeýle hem, Ýewraziýa ösüş bankynyň maglumatlaryna görä, 2000-nji ýylyň we 2021-nji ýylyň görkezijileri deňeşdirilende, Türkmenistanyň awtoýol ulgamynyň peýdalanylyşy boýunça birinji orunda ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda, uzynlygy 600 kilometre uzaýan aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulýandygy barada aýdyldy. Bu ýoluň 254 kilomtrlik Aşgabat - Tejen bölegi geçen ýylda ulanmaga berildi. Gurluşygy meýilleşdirilýän Türkmenbaşy - Garbogaz - Gazagystan serhedi ýokary tizlikli awtomobil ýoly Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy bilen birikdiriler.
CASCA+ multomodal ulag geçelgesi boýunça yzygiderli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk bellärliklidir. Türkmenistan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Bu ulag geçelgesiniň işe girizilen gününden bäri 20 fut birligine deň bolan konteýnerleriň 30 müňe golaýy daşaldy. Bu işde Türkmenistanyň aýratyn orny eýeleýenädigi bellärliklidir. Ukag geçelegesi boýunça umumy daşalan konteýner ýükleriň 9 müň konteýneri Türkmenistanyň eksporty, 12 müňi eksporty we ýene 9 müň konteýneri hem Türkmenistanyň üstünden geçirilen üstaşyr konteýner ýükleri bolup durýar. Taslama gatnaşyjy ýurtlar ýükleri daşamak üçin sarp edilýän wagty gysgaltmak arklay konteýner ýük daşalyşyny ýylda 30 müň konteýnere ýetirmegi makat edinýärler.

Türkmen tarapy şeýle hem häzirki zaman ulag düzümlerini kemala getirmekde Täjigistanyň tagallaryna ýokary baha berýär. Bu tagallalar Täjigistany Hytaýyň ýollary arklay baglanyşdyrmak bilen ählumumy ýük daşamak zynjyrynda dostlukly ýurdy esasy üstaşyr geçiriji ýurt eder diýip, Annaýew belledi. Şeýle hem, ol Türkmenistanyň Merkezi Aziýada ulag aragatnaşygynyň ösüşine täze itergi berjek Hytaý - Gyrgyzystan - Özbegistan demir ýoluny gurmak taslamasyna uly gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.
Ministrler duşuşygynda Türkmenistanyň YHG-niň çäklerinde eýleki ýurtlar bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy we halkara ulag aragatnaşygyny pugtalandyrmakda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Halkara çäräniň çäklerinde Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe ulag geçelgesi arkaly Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda halkara multimodal ulag geçelgesini döretmek boýunça Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň degişli ulag ministrlikleriniň we demir ýol edaralarynyň köptaraplaýyn duşuşygy geçilip degişli Teswirnama gol çekildi.
Şeýle hem "TransLogistica Uzbekistan 2023" atly 19-njy halkara sergisi geçirlip, onuň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty özüniň mümkinçiliklerini sergä gatnaşyjylara görkezdi.
ORIENT news








