HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Gyrgyzystan iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň tertibi barada ylalaşdylar

Noýabr 02, 2023 | 00:50 |6777
Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.kg

Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

1-nji noýabrda “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisiniň çäginde geçirilen duşuşykda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

2 (2).jpg

Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň halkara we sebit guramalarynda, ilkinji nobatda BMG-daky gatnaşyklary seljerildi. Ministrler “Merkezi Aziýa +” dialogynyň çäginde hyzmatdaşlygyň möhümdigini we ähmiýetini nygtadylar.

Diplomatlar söwda we ykdysady ugurda giň mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar we ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüşini bellediler. Şol bir wagtyň özünde, taraplar elektrik energiýasy, gaz senagaty, ulag we logistika pudagyndaky gatnaşyklara, şeýle hem maýa goýumlaryna üns berdiler diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habarynda bellenýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň we çäreleriň tertibini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

15:00 Sentýabr 11, 2026
Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

00:09 Sentýabr 11, 2026
Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

00:06 Sentýabr 11, 2026