Türkmenistanyň Prezidenti we Gyrgyzystanyň daşary işler ministri hyzmatdaşlyk boýunça özara pikir alyşdylar


Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewi kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet Baştutany Gyrgyzystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, doganlyk ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň hem-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Bu çärelere Žeenbek Kulubaýew hem gatnaşýar.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň döwletara dialogyň möhüm ugry bolup durýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, ägirt uly kuwwaty açmak üçin mümkin bolan ähli gurallaryň doly peýdalanylmagynyň zerurdygy tassyklanyldy. Üstaşyr ulag gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam edýän medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
ORIENT news








