Habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmäge gatnaşmak üçin çagyrdyGurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmäge gatnaşmak üçin çagyrdy

Gurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmäge gatnaşmak üçin çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyrdy. Döwlet habarlar agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, işewürlik teklibi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň we Germaniýanyň Gündogar ykdysady komitetiniň ýolbaşçylarynyň ýygnagynda eden çykyşynda Berlinde Halk Maslahaty Başlygy tarapyndan aýdyldy.