HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Täjigistan - Ýewropa" halkara ulag geçelgesi giňeldilip bilner

Noýabr 02, 2023 | 09:51 |8484
Gruziýanyň paýtagtynda geçen "Ýüpek ýoly" 4-nji Halkara Tbilisi forumynda "Dünýäniň çatrygy" taslamasyny durmuşa geçirmek başlangyjy öňe sürüldi.Gruziýanyň paýtagtynda geçen "Ýüpek ýoly" 4-nji Halkara Tbilisi forumynda "Dünýäniň çatrygy" taslamasyny durmuşa geçirmek başlangyjy öňe sürüldi.
Çeşme: sputnik-georgia.ru

Gruziýanyň paýtagtynda geçen "Ýüpek ýoly" 4-nji Halkara Tbilisi forumynda "Dünýäniň çatrygy" taslamasyny durmuşa geçirmek başlangyjy öňe sürüldi.

Bu taslama bir mahal Demirgazyk Kawkazyň üstünden geçen Ýüpek ýoluny bu sebitiň günorta sebitini öz içine alyp, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Eýranyň arasynda ulag aragatnaşygyny ösdürmegi maksat edinýär.

"Şeýlelikde, Hytaý - Täjigistan - Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe - Ýewropa multmodal geçelgesine ýene-de bir ugur goşulýar" diýip, Täjigistanyň ulag ministri Rahmiddin Salomzado aýtdy.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşiklerde ulag pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, täze halkar ulag geçelgelerini döretmegiň, şol sanda Hytaý - Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe ulag geçelgesini ösdürmegiň möhümligi bellendi.

Ýüpek ýoly" 4-nji Halkara Tbilisi forumy «Connecting Today Resilient Tomorrow» ("Şu gün birleşip ertitiň durnuklylygyna tarap") şygary astynda geçirildi. Oňa dünýäniň 60 ýurdundan 2 müňe golaý wekil gatnaşdy.

Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa, Pars aýlagy ýurtlaryndan, ABŞ-dan, Hytaýdan döwlet we hususy ulag düzümleriniň wekilleri, bilermenler we žurnalistler gatnaşdylar.

Olar ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini, şol sanda Gündogar - Günbatar täze söwda gurluşyny döretmek, halkara ulag geçelgelerini kämilleşdirmek, durnukly geljek üçin maýa goýumlary çekmek meselelerini maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026