Aşgabat we Daşkent hyzmatdaşlykgyň Ýol kartasyna gol çekdiler


Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri 2023-2024-nji ýyllar aralygynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki işleriň Meýilnamasyna - “Ýol kartasyna” gol çekdiler.
Raşid Meredow we Bahtiýor Saidow 1-nji noýabrda, Merkezi Aziýa-Koreýa hyzmatdaşlyk forumynyň daşary işler ministrleriniň 16-njy maslahatynyň çäginde resminama gol çekdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň berýän habarynda “Ýol kartasy” Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda guralan ýokary derejeli saparlar wagtynda gazanylan ylalaşyklaryň we şertnamalaryň iş ýüzünde ýerine ýetiriliş möhletini kesgitlemek üçin işlenip düzülendigi aýdylýar.
Resminamada syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki işleriň we energetika, ulag we logistika, şeýle hem suw hojalygy pudagy we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary göz öňünde tutýar.
ORIENT news








