Habarlar

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirdiTürkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirdi

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirdi

2023-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden taryhy çykyşyna bagyşlanyp bu ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri üçin brifing geçirildi.

Moskwada «Dutaryň owazy» VII festiwalyny garşylap» atly konsert geçirildiMoskwada «Dutaryň owazy» VII festiwalyny garşylap» atly konsert geçirildi

Moskwada «Dutaryň owazy» VII festiwalyny garşylap» atly konsert geçirildi

Bu – Moskwada nobatdaky Nury Halmamedow adyndaky «Dutaryň owazy» Halkara sungat festiwalynyň açylşynyň öňüsyrasynda, geçen forumlaryň ýeňijileriniň gatnaşmagynda ajaýyp klassiki sazyň konsertini geçirmek däbidir. Ýaş sazandalar, festiwalyň köp sanly muşdaklarynyň gözüniň öňünde ulalýarlar, olaryň repertuary çuňlaşýar, ýerine ýetirijilik ussatlygy ösýär. Duşuşyk ýeri – öň Dolgorukowlaryň maşgalasyna degişli bolan, XVIII asyryň dikeldilen mülküniň öňki öý buthanasynda ýerleşýän Zubra Sereteli sungat galereýasynyň kiçi konsert zalynda üýtgewsiz galýar.

Azerbaýjanyň Şuşa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildiAzerbaýjanyň Şuşa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi

Azerbaýjanyň Şuşa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi

Azerbaýjanyň Şuşa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Katar döwletiniň paýtagty Doha şäherinde duşenbe güni Yslam dünýäsiniň medeniýet ministrleriniň 12-nji konferensiýasynda status almak üçin kandidaturany Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli hödürledi. Ol Şuşany ISESCO "Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty" maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde teklip etdi. Azerbaýjanyň Medeniýet ministrliginiň web sahypasyna görä, foruma gatnaşyjylar azerbaýjan tarapynyň başlangyjyny biragyzdan goldadylar.