HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýerewanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Dekabr 12, 2023 | 20:22 |6002
“Armenpress” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, 14-15-nji dekabr aralygynda Ýerewanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler duşuşygy geçiriler.“Armenpress” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, 14-15-nji dekabr aralygynda Ýerewanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler duşuşygy geçiriler.
Çeşme: orient.tm

“Armenpress” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, 14-15-nji dekabr aralygynda Ýerewanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler duşuşygy geçiriler.

Duşuşygyň BMG bilen bilelikde Ermenistanda geçirilen iň uly çäreleriň biri boljakdygy bellenildi. Oňa Botswana we Nepalyň daşary işler ministrleri, Zimbabweniň, Eswatininiň we Lesotonyň ulag ministrleri, Malawiniň syýahatçylyk ministri, Gruziýanyň we Paragwaýyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hem-de Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň ulag ministrleriniň orunbasarlary ýaly 30-dan gowrak daşary ýurt wekiliýeti gatnaşar.

Bu çäre, 2024-nji ýylda Ruandanyň Kigali şäherinde geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň öňisyrasyndaky resmi tematiki duşuşykdyr.

Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenistanyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda 2022-nji ýylyň awgust aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesinde ulag konferensiýasy geçirildi. Soňra BMG-niň howandarlygynda 40 töweregi ýurduň wekilleri we ulag, durnukly ösüş we maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly 30-dan gowrak halkara guramasy bir ýere ýygnandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026