Serdar Berdimuhamedow: Biziň Bitaraplygymyz parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir


Prezident Serdar Berdimuhamedow öz watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni we 12-nji dekabrda bellenilýän Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy bilen gutlady.
Döwlet Baştutanynyň halkymyza iberen Gutlagynda: "Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir"-diýilýär.
Hemişelik Bitaraplygyň hukuk ýagdaýyna esaslanyp, Garaşsyz döwletimiz ähliumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi gazanmak ugrundaky dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýan öňdengörüjilikli we maksada okgunly daşary syýasaty alyp barýar diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
“Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda, Beýik küpek ýolunyň merkezinde ýerleşýän Watanymyz, dünýäniň döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen sazlaşykly hyzmatdaşlygy ýola goýdy we özara bähbitli gatnaşyklaryň usullarynyň has netijeli ugurlaryny döretmekde oňyn tejribe toplady”
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylda kabul eden 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakyndaky taryhy Kararnamasy bolsa, Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň dünýäniň ýurtlary üçin nusgalykdygyny ýene bir gezek ykrar etdi.
Bitaraplygyň hukuk ýagdaýy halkara hukugynyň kadalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň we döredijilik ösüşiň hatyrasyna ulanmagy göz öňünde tutýar.
"Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi ýaly halkara guramalary we Aziýa – Ýuwaş umman sebitleri, Orta hem-de Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleri bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygymyzy berkitmäge we baýlaşdyrmaga uly ähmiýet berýäris"-diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belledi.
“Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ekologiki howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky tekliplerimiz bütindünýäde giňden goldanýar. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda alyp barýan işleri hem halkara bileleşigiň biziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzy ykrar edýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr".
Biz içeri we daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza we bar bolan mümkinçiliklerimize esaslanyp, geljekde-de Garaşsyz döwletimizi dünýäde öňdebaryjy, gülläp ösýän, dostlukly ýurda öwürmek üçin ähli tagallalary ederis diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçysy we wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, diplomatik wekilhanalaryň we biziň ýurdumyzda akkreditlenen halkara guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular şeýle hem “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly Halkara maslahatyna we parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşýan daşary ýurtly wekiller bar.
ORIENT news








