“Fitch” agentligi nebitiň we gazyň geljek ýyldaky birža bahalaryny ýokarlandyrdy


“Fitch Ratings” agentligi 2023-2024-nji ýyllarda nebitiň bahasyny, şeýle hem 2024-nji we 2026-njy ýyllarda tebigy gazyň Ýewropadaky bahasyny ýokarlandyrdy. Agentligiň hünärmenleri täze çaklamalara “OPEK +” guramasynyň uglewodorod serişdeleriniň iberiliş mukdaryny berk gözegçilikde saklaýandygy bilen düşündirýärler.
“Fitch Ratings” agentliginiň çaklamalaryna görä, 1 fut kub metr tebigy gazyň Ýewropa bazaryndaky birža bahasy (Niderlandiýanyň “TTF” biržasy – dünýäniň iň iri gaz biržasy) 12 dollara deň bolar. Bu babatdaky ozalky çaklama 10 dollara deňdi. Agentligiň 2023 we 2025-nji ýyllardaky degişlilikde 13 we 10 dollar möçberindäki ozalky çaklamalaryny üýtgetmedi. Şeýle hem 2026-njy ýyldaky 5 dollar möçberde bolmagy çaklanylan birža bahasy 8 dollara çenli ýokarlandyryldy.
Şol bir wagtyň özünde, amerikan bazaryndaky gazyň bahasy baradaky çaklamalar öňküligine galdy. “Henry Hub” agentligi (ABŞ-da tebigy gazyň bahasyny kesgitlemekde esasy orny eýeleýär) bahalaryň şu ýylyň netijeleri boýunça 2,8 dollar boljakdygyny çaklaýar. Soňra bu baha geljek ýylda ortaça 3,25 dollar, 2025-nji ýylda 3 dollar we 2026-njy ýylda 2.75 dollar bolar.
Nebit barada aýdylanda bolsa, “Brent” markaly nebitiň barreliniň bahasy şu ýyl 80-den 82 dollara, geljek ýylda 75-den 80 dollara çenli ýokarlandyrdy. 2025-2026-njy ýyllar üçin çaklamalar degişlilikde 70 we 65 dollar aralygynda saklandy.
“WTI” markaly nebitiň barreliniň bahasy şu ýylyň jemleri boýunça 75-den 78 ABŞ dollaryna, geljek ýylda hem 70-den 75 ABŞ dollaryna çenli ýokarlandyryldy. Bu görnüşli nebitiň bahasynyň 2025 we 2026-njy ýyllar üçin çaklamalarynyň ozalky derejede degişlilikde 65 we 60 dollar bahada saklanmagyna garaşylýar.
ORIENT news








