HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we FAO ýer kadastrynyň elektron ulgamy üçin esaslary döredýärler

Dekabr 13, 2023 | 12:17 |5658
BMG-niň Azyk we oba hojalyk meseleleri boýunça guramasynyň (FAO) wekilleri Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edarlarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler.BMG-niň Azyk we oba hojalyk meseleleri boýunça guramasynyň (FAO) wekilleri Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edarlarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

BMG-niň Azyk we oba hojalyk meseleleri boýunça guramasynyň (FAO) wekilleri Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edarlarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler. Olarda ýer kadastrynyň elektron ulgamy üçin institusional esaslary döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

“Türkmenistan ýer dolandyryş, geodeziýa we kartografiýa işini gowulandyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça çäreleri durmuşa geçirip başlady. Bu işler öz gezeginde ýer kadastrynyň elektron ulgamy we ýer serişdeleriniň netijeli ulanylmagy üçin esaslary döredýär” diýip, Oba hojalyk ministrliginiň hünärmeni habar berýär.

FAO-nyň hünärmenleri hemra aragatnaşygy arkaly işleýän hem-de kartografiki maglumatlaryň arhiwleşdirilmegini aňsatlaşdyrýan programmalary ýygnananlara tanyşdyrdy. Dowam edýän bilelikdäki taslamanyň maddy-enjamlaýyn binýady berkitmäge we bu ugurda tejribe hem-de bilimleri alyşmaga gönükdirilendigi bellendi.

Mundan başga-da BMG-niň hünärmenleri S.A.Niýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplaryna sapak berdiler hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän stansiýanyň we işleýşini synagdan geçirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026