HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň 302 raýatynyň we 6 daşary ýurt raýatynyň günäsi geçildi

Dekabr 11, 2023 | 21:11 |10582
Türkmenistanyň Prezidenti duşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde Halkara Bitaraplyk güni mmynasybetli iş kesilen raýatlaryň günäsini geçmek hakynda Permanlara gol çekdi.Türkmenistanyň Prezidenti duşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde Halkara Bitaraplyk güni mmynasybetli iş kesilen raýatlaryň günäsini geçmek hakynda Permanlara gol çekdi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti duşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde Halkara Bitaraplyk güni mmynasybetli iş kesilen raýatlaryň günäsini geçmek hakynda Permanlara gol çekdi. Resminama laýyklykda, iş kesilen we ak ýürekden toba gelen Türkmenistanyň 302 raýatlary hem-de 6 daşary ýurt raýatlary mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Baýramçylyk mynasybetli Hökümet agzalarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň we Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek barada görkezme berdi.

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleri amala aşyrmak tabşyryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026