Aşgabat Bitaraplygyň dostlary toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi


Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününiň öňisyrasynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gibrid görnüşinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisi geçirildi.
Türkmenistan bu dostlar toparyny döretmäge, halkara derejesinde, hususan-da BMG-niň çäginde, Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurtlaryň parahatçylygy goraýyş mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmak boýunça yzygiderli gepleşikleri geçirmek üçin girişdi. Häzirki wagtda bu topara eýýäm 25 ýurt goşuldy.
Geçen ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ilkinji ministrler mejlisinde bu köptaraplaýyn dialogyň görnüşini we iş usullaryny ähliumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek üçin gural hökmünde kesgitlemek boýunça institusional ädimler göz öňünde tutuldy.
Toparyň bu mejlisinde kabul edilen jemleýji Beýannama, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň “Parahatçylygy gurmak we üpjün etmek” gün tertibiniň 58-nji bölüminiň resminamasy hökmünde kabul edilip BMG-niň resmi alty iş dilinde çap edildi.
Häzirki mejlisiň gün tertibinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň agzalygyny giňeltmek, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine we kabul edilen halkara hukugynyň kadalaryna esaslanýan Türkmenistanyň Ähliumumy howpsuzlyk strategiýasy baradaky başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy dünýä ösüşindäki hakykatlar we tendensiýalar, şeýle hem Aşgabatda Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Bu barada Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili ilçi Aksoltan Ataýewa, bu Dostlar toparynyň däp bolan duşuşyklarynyň bu formatyň ýerliklidigini, onuň häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynyň ösüş tapgyryndaky amaly ähmiýetini aç-açan görkezýändigini aýtdy.
Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýylynda” Bitaraplygyň dostlary toparynyň ähliumumy parahatçylgy we ynamy berkitmek boýunça şu ýylky “Ýol kartany” durmuşa geçirmekde işleri alyp barýan gurala öwrülendigi bellendi.
ORIENT news








