Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň 2023-nji ýyldaky işleriniň jemini jemledi


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň 2023-nji ýyldaky jemlerini jemledi we diplomatik edaralaryň geljekki wezipelerini kesgitledi. Duşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany 2023-nji ýylyň hem ýurdumyz üçin daşary syýasatda üstünlikli bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň dowamynda biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dünýä döwletleri bilen medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça yzygiderli işleri geçirdi. Parlamentara gatnaşyklaryň gerimi giňäp, mazmuny baýlaşdy.
Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalary edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Ýurdumyzyň edýän tagallalary dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilen «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamalar muny aýdyň tassyklaýar. Şeýle hem biziň ýurdumyz dört sany dürli halkara guramanyň düzümine saýlandy.

Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny dünýä wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Gazagystan we Özbegistan Respublikalary bilen hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigini nygtady.
Häzirki wagtda howanyň üýtgemeginiň öňüni almak meselesi ählumumy häsiýete eýe bolup durýar. Onuň täsirlerine garşy göreşmekde dünýäniň ähli ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen 28-nji maslahatynyň işine Türkmenistanyň gatnaşmagy möhüm waka boldy. Bu maslahatda biziň ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Bu çözgüt geljekde Türkmenistanyň halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler we ýöriteleşdirilen institutlar bilen hyzmatdaşlygyny kesgitlär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýurdumyzyň pudagara toparyna Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek boýunça işleriň meýilnamasyny düzmegi tabşyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň syýasy-diplomatik taýdan işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna üns çekildi. Bu ugurda ilkinji uly ädim ädildi diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi we howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalary Türkmenistanda we Merkezi Aziýa döwletlerinde ornaşdyrmaga gönükdirilen sebit maksatnamalaryny işläp düzmek üçin şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak üçin BMG we hyzmatdaş ýurtlar bilen işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça syýasy-diplomatik tagallalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýär. Muny Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň ýörelgeleri we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak baradaky teklibi aýdyň tassyklaýar. Bu babatda dünýä ösüşiniň meýilleri hem-de häzirki döwrüň möhüm ýagdaýlary nazara alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek maksady bilen, BMG-niň başlangyç toparyny döretmek boýunça Daşary işler ministrligine ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede bu işlere başlamagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyna yzygiderli eýermeli we ony tutanýerli öňe sürmeli. Wagt munuň dogrudygyny we esaslydygyny görkezdi. Ony Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarda dialog medeniýetini ykrar etmäge gönükdirilen tagallalary hem tassyklaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Çykyşynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini belledi. Biz bu guramanyň Tertipnamasynyň düzgünlerine we ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna berk eýereris. Aýratyn-da, döwletara dialog üçin esas hökmünde Milletler Bileleşiginiň ornuny dikeltmek hem-de berkitmek işlerini alyp bararys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik maksady üýtgewsiz bolmagynda galýar. Munuň özi içerki ösüşi gazanmak üçin amatly halkara şertleri üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistan dünýä döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Ýakyn goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly hyzmatdaşlygy alyp barmak döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Biziň ýurdumyz sebitde, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürer. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynda we sebit hyzmatdaşlygynyň beýleki görnüşlerinde gazanylýan möhüm ylalaşyklary hem-de çözgütleri takyk ýerine ýetirmek üçin biz zerur işleri geçirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlary şu ýyl geçirilen gepleşikleriň dowamynda ýakyn hyzmatdaşlar hökmünde esasy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu meseleler sebiti ösdürmekden, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekden, ekologik howplara garşy göreşmekden ybaratdyr.
Şeýle hem Hazarýaka döwletleriň Aşgabatda geçirilen altynjy sammitinde gazanylan ylalaşyklary doly ýerine ýetirmek üçin hyzmatdaş ýurtlar bilen netijeli işleri alyp barmagyň we Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa laýyklykda, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Aziýadan Ýewropa multimodal üstaşyr ulag geçelgesiniň bölegi bolan «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny amala aşyrmagyň üstünde-de degişli işleri ýerine ýetirmek barada görkezme berildi. Ýaňy-ýakynda «Bir guşak, bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumynyň ýokary derejeli maslahatynda biziň ýurdumyz Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hazar deňziniň türkmen kenaryna, şeýle hem Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryna ulag geçelgesiniň taslamasyny teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, taslama boýunça ylalaşyklary gazanmak üçin ähli gyzyklanýan taraplar bilen anyk we maksada gönükdirilen dialogy ýola goýmak wezipesi öňde goýuldy.
Biziň ýurdumyzy Ýewropa döwletleri bilen energetika, ulag, tehnologiýalar we ençeme beýleki ugurlar boýunça geljegi uly meýilnamalar hem-de maksatnamalar baglanyşdyrýar. Bu meýilnamalardyr maksatnamalara anyk many-mazmun bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Bellenilişi ýaly, Orta Gündogar ýurtlary Türkmenistanyň öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarydyr. Bu ýurtlar bilen bizi diňe çuň taryhy gatnaşyklar däl-de, häzirki ösüşiň oňyn mümkinçilikleri hem birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda alyp barýan işlerini güýçlendirmegiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Hususan-da, bu gurama girýän döwletler bilen ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň arap dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklary has-da ösdürildi. Bu hyzmatdaşlygymyzy täze «Merkezi Aziýa — aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşiniň çäklerinde-de pugtalandyrmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Bular geljegi örän uly bolan ugurlardyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we şeýle hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan taraplaryna üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Biz Demirgazyk we Günorta Amerikanyň, Afrika yklymynyň döwletleri bilen hem gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdüreris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şol ugurlaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk bellenildi. Munuň özi howpsuzlyk, şol sanda azyk we ekologik meseleleri, zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmegi, halkara söwdada ösýän ýurtlaryň kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramagy öz içine alýar. Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hem giň mümkinçilikler bar.
Şunuň bilen birlikde, halkara hyzmatdaşlykda parlamentara gatnaşyklara-da aýratyn üns bermegiň zerurdygy nygtaldy. Soňky ýyllarda Türkmenistan parlament wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe iri forumlary geçirmegi öňe sürdi we olaryň guramaçysy boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu işiň dowam etdiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligine parlament gatnaşyklaryna işiň aýratyn ugry hökmünde garamak we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde geljegi uly halkara çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz geljekde köp işleri ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belläp, halkara giňişlikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda ýurdumyzyň diplomatlarynyň uly işleri alyp barjakdygyna berk ynam bildirdi.
ORIENT news








