Habarlar

Türkmenistanyň ilçisi Aýlagyň Arap döwletleri üçin Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary bilen duşuşdyTürkmenistanyň ilçisi Aýlagyň Arap döwletleri üçin Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Aýlagyň Arap döwletleri üçin Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýew 2-nji noýabrda, Aýlagyň Arap döwletleri (AADHG) Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Jasem Muhammet Albudawi bilen duşuşdy. Taraplar 2023-nji ýylyň iýul aýynda Jiddede geçirilen AADHG-iň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sammitiniň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sammitde öňe süren tekliplerini durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti 3-nji noýabrda Senagat we gurluşyk toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek boýunça teklibi makulladyTürkmenistanyň Prezidenti 3-nji noýabrda Senagat we gurluşyk toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek boýunça teklibi makullady

Türkmenistanyň Prezidenti 3-nji noýabrda Senagat we gurluşyk toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek boýunça teklibi makullady

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde utgaşykly dolanyşykda işlejek, kuwwaty 1574 kilowatt bolan täze elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasynda wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky haýyş bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüzlendi.