

Mikail Jabbarow türkmen hökümetinde birnäçe gepleşik geçirdi
Ýurdunyň wekiliýetiniň başynda Aşgabata saparda bolan Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow çarşenbe güni Türkmenistanyň hökümeti bilen birnäçe gepleşik geçirdi.


Ýurdunyň wekiliýetiniň başynda Aşgabata saparda bolan Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow çarşenbe güni Türkmenistanyň hökümeti bilen birnäçe gepleşik geçirdi.


Çarşenbe güni Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi.


Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wenesiýa şäheriniň ýakynynda köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren awtobus heläkçiligi zerarly Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella gynanç hatyny iberdi.


“Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň çägine nebit önümlerini iberip biljekleriň arasynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryny görýäris. Bu etap iş tertibinde dowam edýär "- diýip, Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýew çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.


Çarşenbe güni Aşgabatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewiň Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri Tatýana Proskurýakowa bilen duşuşygy geçirildi.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew 4-nji oktýabrda Liwiýanyň ýaşlaryň işleri boýunça ministri Fatallah Elzuni bilen duşuşdy.


Merkezi Aziýada Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Baur şeýle-de Halkara Ssöwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleri hem gatnaşdy.


Kompaniýa işewürlik işine garaşsyz baha berilmegi, onuň depginine seljerme geçirilmegi we işewürligiň ösmegi üçin netijeli teklipleri hödürlenmegi zerur bolan Türkmenistandaky kiçi we orta telekeçilige ýokary derejedäki konsalting hyzmatlaryny hödürleýär.


Kataryň paýtagty Doha şäherinde “Ekspo-2023” halkara bagbançylyk sergisi açyldy. Dünýäniň dürli sebitlerinden onlarça ýurtlar, şol sanda Türkmenistan hem bu sergide öz milli pawilionlaryny hödürledi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatyna görä, ýurduň wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow ýolbaşçylyk etdi.


Fransuz syýahatçysy we ýazyjysy - Sedrik Gra Aşgabatda iki sany ýokary okuw mekdebiň talyplary bilen duşuşdy. 3-4-nji oktýabr aralygynda myhman bilen D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň fransuz dili fakultetiniň şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda pikir alyşmalar boldy.


Ilkinji gämileriň gurluşygyna girişen “Balkan” gämigurluşyk zawody Gazagystanyň paýtagty Astanada geçen “New Silk Way” VI halkara ulag logistika işewürlik forumyna gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.


Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Italiýanyň Bari şäherinde RAI teleýaýlymynyň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Özüňe çek” atly Prix Italia-2023 festiwalyna gatnaşýar.


23-24-nji oktýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler.


Aşgabat gazna biržasy USAID-iň telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek boýunça taslamasy (FGI) bilen hyzmatdaşlykda gymmatly kagyzlary çykarmak arkaly öz işewürligine goşmaça maýa serişdelerini çekmek isleýän hususy kompaniýalara mugt konsaltingleri guraýar.