HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Moskwa söwda we maýa goýumlaryny goldamak boýunça toparyň mejlisini geçirdiler

Dekabr 25, 2023 | 00:03 |7974
21-22-nji dekabr aralygynda Moskwada ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäginde söwda we maýa goýumlaryny goldamak bilen bagly ýokary derejeli toparyň 9-njy mejlisi geçirildi.21-22-nji dekabr aralygynda Moskwada ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäginde söwda we maýa goýumlaryny goldamak bilen bagly ýokary derejeli toparyň 9-njy mejlisi geçirildi.
Çeşme: russia.tmembassy.gov.tm

21-22-nji dekabr aralygynda Moskwada ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäginde söwda we maýa goýumlaryny goldamak bilen bagly ýokary derejeli toparyň 9-njy mejlisi geçirildi.

Türkmen tarapyna söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanow, rus tarapyna bolsa, ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaç ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisde taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, bilelikdäki taslamalary, özara söwdany gowulandyrmagyň şertlerini, senagat we energetika pudaklarynda, şeýle hem bilim pudagynda özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň web sahypasynda habar berilýär.

Duşuşygyň netijeleri boýunça, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäginde söwda we maýa goýumlaryny goldamak üçin ýokary derejeli toparyň 9-njy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Ýokary derejeli söwda we maýa goýumlaryň goldawy boýunça topary ikitaraplaýyn işewürlik aragatnaşyklaryny utgaşdyrmak, rus we türkmen kompaniýalary üçin amatly iş şertlerini döretmek ugrundaky işleri amala aşyrýar.

Bu topar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus komissiýasynyň platformasynda işleýär. HT-nyň egindeş ýolbaşçylary - Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçuk we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ykdysady gün tertibindäki iň möhüm meseleleri yzygiderli seljerýärler.

Ýakynda Moskwada geçirilen duşuşykda Owerçuk we Meredow 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda geçiriljek HT-nyň 13-nji mejlisine we ikinji türkmen-rus işewürlik forumyna görülýän taýýarlyk barada hem pikir alyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026