HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Jemagat hyzmatlarynyň töleglerini tiz, amatly we kagyzsyz görnüşde töläliň!

Dekabr 25, 2023 | 11:21 |21518
Jemagat-jaý hyzmatlary, ýyladyş we arassaçylyk üçin tölegleri Aşgabat şäher häkimliginiň resmi **[web-saýty](https://ashgabat.gov.tm/)** arkaly hem ýerine ýetirip bolýandygyny ýatladýarys.Jemagat-jaý hyzmatlary, ýyladyş we arassaçylyk üçin tölegleri Aşgabat şäher häkimliginiň resmi **[web-saýty](https://ashgabat.gov.tm/)** arkaly hem ýerine ýetirip bolýandygyny ýatladýarys.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Ýakynda Türkmenistanyň Hökümeti 2023-nji ýyl üçin aýlyk, pensiýa, kömek pullaryny, talyp haklaryny we beýleki tölegleri tölemek baradaky borçnamalaryň doly ýerine ýetirendigi barada habar berdi. Däbe öwrülen bu ykdysady çäre Täze ýyla bergisiz geçmäge şert döredip, onuň esasynda degişli hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilip, täze senenamanyň maliýe işi sazlaşdyrylýar.

Diňe iri guramalaryň däl, eýsem ýönekeý raýatlaryň hem töleglerini öz wagtynda tölemekleri geljek ýylyň durmuşyny aňsatlaşdyrar. Täze ýyly bergisiz başlamak dünýäniň köp halklarynda gowy däp. Bu meselede derwaýys meseleleriň hatarynda jemagat hyzmatlary üçin tölegleri tölemek hem bardyr. Şundan ugur alyp, bu hyzmatlar üçin tölegleri Döwlet hyzmatlarynyň sanly portaly arkaly oturan ýeriňde aňsatlyk bilen amala aşyryp bolýar. Täze ýylyň öň ýanyndaky bu adaty iş uzak wagty hem talap etmeýär.

Munuň üçin Döwlet hyzmatlarynyň portalynda “Jemagat hyzmatlary” bölümi arkaly tölegleriň ähli görnüşlerini, şol sanda sarp edilen elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy, arassaçylyk we ýyladyş hyzmatlary üçin tölegleri onlaýn amala aşyryp bolýar. Islendik hyzmat üçin tölegleri ýerine ýetirmegiň düşündirişi we munuň üçin zerurlyklary hem öwrenip bolýar.

Döwlet hyzmatlarynyň sanly portalynda hödürlenýän hyzmatlardan peýdalanmak üçin ulanyjy ilki bilen “Hyzmatdan peýdalanmak” bölümini basyp, özüni hasaba aldyrmalydyr. Degişli maglumatlary girizenden soň, ulanyjy hyzmatlar üçin tölegleri “Altyn Asyr” kartlary arkaly aňsat ýerine ýetirip biler.

Jemagat-jaý hyzmatlary, ýyladyş we arassaçylyk üçin tölegleri Aşgabat şäher häkimliginiň resmi web-saýty arkaly hem ýerine ýetirip bolýandygyny ýatladýarys.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026