HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

CNPC-niñ Türkmenistandaky wekilhanasy “Türkmengaz” döwlet konserni bilen ýaş hünärmenleri taýýarlaýar

Dekabr 25, 2023 | 16:38 |10980
Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň “International Ltd.” kompaniýasynyň (CNPCIT) wekilhanasy 2009-njy ýyldan bäri “CNPC” bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda baglaşylan Önümi paýlaşmak hakynda şertnamany durmuşa geçirmegiň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdebinde - Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin) okamaga Türkmenistanyň ýaş raýatlaryny iberýär.Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň “International Ltd.” kompaniýasynyň (CNPCIT) wekilhanasy 2009-njy ýyldan bäri “CNPC” bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda baglaşylan Önümi paýlaşmak hakynda şertnamany durmuşa geçirmegiň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdebinde - Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin) okamaga Türkmenistanyň ýaş raýatlaryny iberýär.
Çeşme: "CNPCIT-iň" wekilhanasy

Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň “International Ltd.” kompaniýasynyň (CNPCIT) wekilhanasy 2009-njy ýyldan bäri “CNPC” bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda baglaşylan Önümi paýlaşmak hakynda şertnamany durmuşa geçirmegiň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdebinde - Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin) okamaga Türkmenistanyň ýaş raýatlaryny iberýär. Bu ýokary okuw mekdebini tamamlanlar ýokary hünär bilimi baradaky halkara diploma eýe bolýarlar.

“CNPCIT” kompaniýasynyň wekilhanasy her ýyl Hytaýyň Nebit uniwersiteti bilen bilelikde “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň raýatlaryny Hytaýyň Nebit uniwersitetine okuwa kabul etmek üçin topar döredýär. Synaglaryň we söhbetdeşlikleriň netijelerine esaslanyp, uniwersitetiň mugallymlary dalaşgärleriň umumy sanyndan iň tapawutly ýaşlary saýlaýarlar.

Hytaýyň Nebit uniwersiteti ýokary hünär biliminiň aşakdaky hünärleri boýunça türkmen ýaşlaryny kabul edýär:

Nebit we gaz in inženerçiligi;

Nebiti we gazy daşamak we saklamak;

Nebit we gaz, mineral ýataklarda geologiýa we gözleg geçirmek;

Nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek we işlemek;

Himiýa inženerçiligi we tehnologiýa;

Mehaniki dizaýn we awtomatlaşdyryş;

Halkara söwda we ykdysadyýet.

Synaglardan üstünlikli geçen türkmen talyplary uniwersitetiň hünärmenleri taýýarlamak meýilnamasyna laýyklykda bir ýyllap hytaý dilini öwreniş kursuny geçýärler. Hünär boýunça okuwyň dowamlylygy 4 ýyldyr.

“CNPCIT” kompaniýasynyň wekilhanasy Türkmenistanda işlän 15 ýylynyň içinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň gönüden-göni işjeň gatnaşmagy bilen 158 türkmen talybyny ýokary bilim almaga Hytaýa iberdi. Onuň ugradan talyplarynyň ilkinji tapgyry 2014-nji ýylda uçurym bolup, olar häzirki wagtda öz ugurlaryna ökde hünärmenler bolup nebitgaz pudagynda zähmet çekýärler. Häzirki wagtda degişli okuw maksatnamasy boýunça Hytaýyň Nebit uniwersitetimi 130-dan gowrak ýaş türkmen talyby tamamlady, olaryň köpüsi Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda işleýär. Ýaş hünärmenler hökmünde iş tejribesini tamamlandan soň, uçurymlaryň käbiri Hytaýyň Nebit uniwersitetinde magistr we doktorlyk okuwlaryny dowam etdirdiler.

Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de Türkmenistanyň ýaş nesillerine täze ösüş sepgitlerine ýetmek üçin şert döretmek maksady bilen ýurduň alyp barýan syýasatyna hormatyň nyşany hökmünde “CNPCIT” kompaniýasynyň wekilhanasy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp ýaşlaryny Hytaýa tomusky okuw tejribeligine ugratdy. Şeýle hem kompaniýa Amyderýanyň sag kenarynda köp ýyldan bäri tebigy gazy gözlemek, gazyp almak we gaýtadan işlemek ýaly geologiýa işleri alyp barýan “Bagtyýarlyk” käninde ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin tejribelik gurady.

Türkmenistan we Hytaý tebigy gaz söwdasynda iň iri hyzmatdaşlardyr. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda durmuşa geçirilýän şeýle maksatnamalar Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy üçin zehinli hünärmenleri ýüze çykarmaga we ösdürip ýetişdirmäge, şeýle hem energetika we ylym-bilim ugurlarynda iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edýär edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026