HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Şeremetowo” halkara howa menzili “Türkmenistan” awiakompaniýasyny uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly awiakompaniýalaryň biri diýip yglan etdi

Dekabr 25, 2023 | 01:38 |11422
“Türkmenistan” awiakompaniýasy “Şeremetowo” halkara howa menzilinde 300-den gowrak gonuş amalyny ýerine ýetirip, uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly ikinji ýük awiakompaniýasy boldy.“Türkmenistan” awiakompaniýasy “Şeremetowo” halkara howa menzilinde 300-den gowrak gonuş amalyny ýerine ýetirip, uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly ikinji ýük awiakompaniýasy boldy.
Çeşme: aviaport.ru

Russiýanyň federal ähmiýetli Moskwa oblastynyň esasy 4 aeroportynyň biri “Şeremetowo” halkara howa menzili ýylyň jemini jemläp, uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly awiakompaniýalaryň sanawyny yglan etdi. Howa menzili bu sanawy uçuşlaryň öz wagtynda ýerine ýetirijilik we gatnaw ýygylygyna esaslanyp düzdi.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy “Şeremetowo” halkara howa menzilinde 300-den gowrak gonuş amalyny ýerine ýetirip, uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly ikinji ýük awiakompaniýasy boldy. Birinji orunda “Air China Cargo” üçünji orunda hem “Uzbekistan Airways” awiakompaniýalary ýerleşdirildi. Bu barada «АвиаПорт.Ru» neşiri habar berýär.

Habarda bellenişi ýaly, “Şeremetowo” halkara howa menzili işewürlik maksatly awiakompaniýalaryň işi üçin hem-de täze hyzmatdaşlary çekmek üçin amatly şertleri döretdi. Ol Russiýanyň howa menzilleriniň arasynda ilkinji bolup, howa menzilini toplumlaýyn dolandyrmak üçin özboluşly “Sanly ekosistemany” we awiakompaniýalar bilen bilelikdäki karar kabul etmegiň netijeli ulgamyny döretdi. Bu ulgamlar hyzmatlary dessin ýerine ýetirmäge hem-de hyzmatdaş awiakompaniýalar bilen işleri ygtybarly dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Şu ýyl “Şeremetowo” halkara howa menzili halkara uçuş ugurlarynyň sanyny 159-a ýetirip, hyzmat ediş gerimini has-da giňeltdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026