Habarlar

Aşgabatda Türkmenistanda we MA-da ÝB-niň ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalarynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldyAşgabatda Türkmenistanda we MA-da ÝB-niň ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalarynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda Türkmenistanda we MA-da ÝB-niň ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalarynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy

Merkezi Aziýada Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Baur şeýle-de Halkara Ssöwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleri hem gatnaşdy.