Hytaýda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň 97 göterimi internet ulanýar


Hytaýda internet ulanýan kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sany köpeldi. Bu barada “China daily” neşiri habar berýär.
Hytaýda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda internetiň ulanylyşy baradaky milli gözlegiň bäşinji neşirine görä, 2022-nji ýylda ýurtda kiçi ýaşly internet ulanyjylarynyň sany 193 milliona ýetdi.
2018-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli bu görkeziji 93,7% -den 97.2% -e çenli ýokarlandy.
Soňky bäş ýylda ýurduň başlangyç synp okuwçylarynyň arasynda internet ulanmagyň derejesi 89,5% -den 95.1% -e çenli ýokarlandy.
Mundan başga-da, şäher we oba ýetginjekleriniň arasynda “bütindünýä kerebiniň” ulanylyşynyň arasyndaky tapawut kem-kemden azalýar.
Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň 90% -e golaýynyň internete birikýän öz enjamlary bar, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň 20% -den gowragy “akylly” sagatlar we lampalar, akylly sözlükler ýaly enjamlary ulanýarlar.
Onlaýn okuw, oýunlar, aýdym diňlemek, gysga wideo tomaşa etmek kämillik ýaşyna ýetmedikleriň internetdäki esasy güýmenjeleridir.
Internetiň bilim almaga oňyn täsir edýändigine ynanýan kämillik ýaşyna ýetmedikleriň paýy 2018-nji ýylda 53%-den 2022-nji ýylda 77,4%-e çenli ýokarlandy.
Ýetginjekleriň emeli intellektli tehnologiýalara uly üns berýändikleri bellärliklidir. Şeýlelik bilen, olaryň 80%-den gowragy emeli intellekt hakda eşidendiklerini aýdýarlar.
ORIENT news








