

Hytaýda adamlaryň we robot-gumanoidleriň ilkinji marafony geçiriler
2025-nji ýylyň aprel aýynda Pekinde dünýäniň ilkinji ýarym marafony geçirilip, oňa şol bir wagtyň özünde adamlar we adamlaşdyrylan robotlar gatnaşar.


2025-nji ýylyň aprel aýynda Pekinde dünýäniň ilkinji ýarym marafony geçirilip, oňa şol bir wagtyň özünde adamlar we adamlaşdyrylan robotlar gatnaşar.


Ýaponiýada «EXPO 2025 Osaka» sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu sergi 2025-nji ýylyň 13-nji apreli bilen 13-nji oktýabry aralygynda Ýumesima adasynda geçiriler we çaklamalara görä, 28,2 million myhmany kabul eder


Bütin dünýäniň telekommunikasiýa kompaniýalaryny köne mis simlerden alnan misiň satuwlaryndan möhüm maliýe girdeji garaşýar.


Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Astanada tamamlanan Matematika, fizika we informatika boýunça XXI Halkara Žautykow olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


Accelerating English Language Learning in Central Asia (AELLCA) Britan Geňeşiniň taslamasynyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili mugallymlary üçin hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça okuwlar başlady.


20-nji ýanwarda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.
Donald Trampyň ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti hökmünde kasam kabul edişlik dabarasy Kongresiň merkezi Rotonde zalynda geçirildi. Respublikan partiýasyndan bolan D.Tramp konstitusiýa we ýurda wepaly bolmak barada kasam kabul etdi diýip, “Euronews” habar berýär


2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Baş prokurory Ysa bin Saad Al Jafali Al Nuaými bilen duşuşyk geçirdi.


Şu gün, 20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky täze Gözegçilik-seljeriş merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Täze merkez hakyky wagt tertibinde gümrük desgalaryna uzak aralykdan gözegçilik etmek üçin niýetlenen.


2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Pakistandaky Ýokary komissary hanym Jeýn Marriot Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasyna baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda habar berilýär


Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti Ýewraziýanyň ýüreginde maýa goýum mümkinçiliklerini açyp, dünýäden 40% çalt ösýär diýip, Ýewraziýa ösüş bankynyň metbugat gullugy habar berýär


Hytaýyň Çanszi uniwersitetiniň 23 ýaşly talyby 1 minutda ýüpde towusmak boýunça dünýä rekordyny täzeledi diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Ol muny 388 gezek etdi, bu sekuntda 6 gezekden köpräk towsandygyny aňladýar


Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» «Türkmenaragatnaşyk» agentligi sanly hyzmatlaryň täzeçilliklerini artdyrmak boýunça aýdyň maksatlary öňünde goýýar.


Ýurduň dokuz gezek çempiony bolan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan” hokkeý kluby milli çempionatda ýene bir gezek ynamly ýeňiş gazandy.


Birleşen Arap Emirlikleri 2024-nji ýylyň dekabr aýy boýunça ykjam Internet tizligi boýunça öňdebaryjy ýurt bolup, onuň ortaça tizligi 453,87 Mbit/s deň boldy.