Raşid Meredow Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy


28-nji fewralda, anna güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň konsullyk, parlament meseleleri we daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranlylaryň işleri boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Wahid Jalalzadeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Diplomatlar söwda-ykdysady gatnaşyklar ýaly möhüm özara gatnaşyklara aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem halkara we sebit gün tertibine garadylar.
Şeýle hem bir gün öň Aşgabatda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilendigini bellenildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn häsiýetde ilerlejekdigine hem-de bilelikdäki işiň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy, halklaryň medeni we taryhy gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we umumy ösüşe itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
ORIENT








