HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-da çagalaryň we ulularyň şikeslerini bejeriş hem-de ortopediýasy babatynda esaslaýyn guramalar dörediler

Fewral 28, 2025 | 11:58 |4102
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) çagalaryň we ulularyň şikeslerini bejeriş we ortopediýasy babatdyna täze iki sany esaslaýyn gurama dörediler.Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) çagalaryň we ulularyň şikeslerini bejeriş we ortopediýasy babatdyna täze iki sany esaslaýyn gurama dörediler.
Çeşme: belta.by

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) çagalaryň we ulularyň şikeslerini bejeriş we ortopediýasy babatdyna täze iki sany esaslaýyn gurama dörediler.

Bu baradaky karar 2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Moskwa şäherinde geçirilen bilermenler toparlarynyň maslahatynda kabul edildi. Bu guramalary döretmegiň maksady bellenilen ugurlarda ylmy-barlag, bilim we usulyýet işleriniň ugtaşdyrylmagyndan ybarat. Munuň özi çagalaryň we ulularyň daýanç-hereket ulgamy bilen baglanyşykly keselleri we şikesleri nazara almak bilen möhüm mesele bolup durýar.

Esaslaýyn guramalary döretmek baradaky başlangyç Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligine degişlidir. Ol G.I.Turner adyndaky Milli çagalaryň şikeslerini bejeriş we ortopediýa lukmançylyk barlaglar merkezine çagalaryň şikeslerini bejeriş we ortopediýasy babatynda GDA gatnaşyjy-döwletleriň esaslaýyn guramasy diýen derejesini hem-de N.N.Priorow adyndaky Milli şikesleri bejeriş we ortopediýa lukmançylyk barlaglary merkezine ulularyň şikeslerini bejeriş we ortopediýasy babatynda GDA gatnaşyjy-döwletleriň esaslaýyn guramasy diýen derejesini bermek barada teklip etdi. Bu guramalaryň lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmaga hem-de GDA ýurtlarynyň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmaga ýardam berjekdigine garaşylýar. Bu bolsa, öz gezeginde, sebitde lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026