Özbegistanda Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap ýurtlarynyň analitik merkezleriň birinji forumy geçiriler


Aýlagdaky ylmy-barlag merkezleriniň (Gulf Research Center, GRC) Er-Riýatdaky edarasynda GRC-niň başlygy doktor Abdulaziz Sager bilen Özbegistanyň Strategiki we sebitleýin ylmy-barlag institutynyň direktory Aldor Zaripowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Samarkantda geçiriljek Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň ikinji sammitiniň öňüsyrasynda Merkezi Aziýanyň analitik merkezleriniň we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlarynyň ilkinji forumyny bilelikde guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda öňdebaryjy ylmy-barlag institutlarynyň wekilleriniň özara gyzyklanýan ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyna, şeýle hem özara peýdaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin anyk teklipleri taýýarlamagyna garaşylýar. Forumyň guralyşy, 2023-nji ýylyň iýul aýynda Jidde şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň birinji sammitinde öňe sürlen başlangyçlaryň we teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Onda ýurtlaryň liderleri 2027-nji ýyla çenli Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny kabul etdiler.
Er-Riýatda geçirilen duşuşykda ählumumy we sebitleýin gün tertibine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda, Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda özara gyzyklanmanyň artýandygy bellendi. Iki sebitiň halklarynyň arasynda köp asyrlyk özara gatnaşyk däplerine esaslanyp, taraplar söwda-ykdysady, maýa goýumlary we medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri doly güýjünde ulanmaga çalyşýarlar.
UzDaily.uz-yň belleýşi ýaly, soňky döwürde arap ýurtlary Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna işjeň maýa goýup, energetika, infrastruktura, oba hojalygy we ýokary tehnologiýalara aýratyn üns berdiler. Hususan-da, soňky on ýylda sebite maýa goýumlarynyň mukdary takmynan üç essa golaý, eksport bolsa 30%-den gowrak ýokarlandy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykdan başga-da sebitara formatda hyzmatdaşlyk işjeň ösýär.
Gulf Research Center – bu hususy analatik merkezler tarapyndan maliýeleşdirilýän, Aýlag sebtinde ýöriteleşen bilim hyzmatlaryny üpjün ediji we maslahat beriş kompaniýasydyr. Doktor Sageriň pikiri, Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi sebitiniň alty döwleti, şeýle hem Eýran, Yrak we Ýemen bilen giň Aýlag sebtiniň ähli ugurlary boýunça ýokary hilli ylmy barlaglary geçirmek arkaly möhüm boşlugy doldurmakdy.
GRC garaşsyz, täjirçilik däl esas bilen işleýär we özüniň ähli ylmy barlaglaryny, neşirler, seminarlar, tejribeler we maslahatlar arkaly köpçülige elýeterli etýär. Merkez Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, Afrikanyň, Ýewropanyň ýurtlarynyň we ABŞ-nyň 90-dan gowrak analitiki gurluşy bilen hyzmatdaşlyk edýär.
ORIENT








