HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-eýran hökümetara toparynyň konsullyk we gümrük meseleleri boýunça mejlisi geçirildi

Fewral 28, 2025 | 17:32 |5379
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi 27-nji fewralda Aşgabatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi. Mejlisiň işine degişli ministrlikleriň we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdyTürkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi 27-nji fewralda Aşgabatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi. Mejlisiň işine degişli ministrlikleriň we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi 27-nji fewralda Aşgabatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi. Mejlisiň işine degişli ministrlikleriň we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy.

Türkmen tarapynyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanow, eýran tarapynyň wekiliýetine bolsa, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wahid Jalalzade ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşykda 2024-nji ýylyň fewral aýynda Tähranda geçirilen hökümetara toparyň 16-njy mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda bellenilýär.

29022025-zasedanie-turkmeno-iranskoj-mezhpravkomissii (2).jpg

Taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar, şeýle-de gazanylan ylalaşyklaryň doly ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetini nygtadylar. Mejlisiň jemleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanly mekdep okuwçysy «Beýik siwilizasiýa» atly halkara esse bäsleşiginde 500 ABŞ dollary möçberinde baýrak gazandy

Türkmenistanly mekdep okuwçysy «Beýik siwilizasiýa» atly halkara esse bäsleşiginde 500 ABŞ dollary möçberinde baýrak gazandy

21:07 Oktýabr 01, 2026
Si Szinpin we Hytaýyň beýleki ýolbaşçylary Týananmen meýdançasynda wepat bolan milli gahrymanlaryň hatyrasyny bellediler

Si Szinpin we Hytaýyň beýleki ýolbaşçylary Týananmen meýdançasynda wepat bolan milli gahrymanlaryň hatyrasyny bellediler

20:00 Oktýabr 01, 2026
«Türkmennebit» DK: Hazar deňziniň türkmen bölegi maýadarlara çeýe şertnamalary we salgyt ýeňilliklerini hödürleýär

«Türkmennebit» DK: Hazar deňziniň türkmen bölegi maýadarlara çeýe şertnamalary we salgyt ýeňilliklerini hödürleýär

18:21 Oktýabr 01, 2026