HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmengaz” we “QazaqGaz” gazyň importy we geologiki gözleg boýunça taslamalary ara alyp maslahatlaşdy

Mart 01, 2025 | 00:07 |9331
Aşgabatda “QazaqGaz” MK” PJ-niň Müdiriýetiniň başlygy Sanjar Žarkeşow we Türkmenistanyň döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew iş duşuşygy geçirdiAşgabatda “QazaqGaz” MK” PJ-niň Müdiriýetiniň başlygy Sanjar Žarkeşow we Türkmenistanyň döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew iş duşuşygy geçirdi
Çeşme: qazaqgaz.kz

Aşgabatda “QazaqGaz” MK” PJ-niň Müdiriýetiniň başlygy Sanjar Žarkeşow we Türkmenistanyň döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew iş duşuşygy geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bilelikdäki bilermenler toparynyň işini güýçlendirmek barada ylalaşdylar. Hususan-da, taraplar türkmen gazyny import etmek, şeýle hem geologiki gözleg pudagyndaky taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar.

Duşuşyk iň ýokary derejede gazanylan strategiki ylalaşyklaryň logiki dowamy boldy. Iki wekiliýet hem Türkmenistan bilen Gazagystanyň energetika pudagyndaky, şol sanda “Türkmengaz” DK bilen “QazaqGaz” arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler.

01032025-turkmengaz-qazaqgaz (2).jpg

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanda resmi sapar bilen body. Saparyň dowamynda “QazaqGaz” bilen “Türkmengaz” arasynda gaz pudagyny ösdürmek boýunça strategiki ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama, iki ýurduň dünýäniň energetika bazaryndaky ornuny berkitmek bilen bilelikdäki taslamalar üçin täze gözýetimleri açýar.

ORIENT

Şeýle-de okaň:

“Türkmengaz” we “QazaqGaz” bilelikdäki iş toparynyň mejlisini meýilleşdirdi

Ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleriniň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk barada resminamalara gol çekildi

Gazagystan we Türkmenistan gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026