“Moda arkalyşygy” forumynda ýaşlar formaty giňeldiler


2025-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýeňil senagaty we moda işewürliginiň, pudaklaýyn ministrlikleriniň we dolandyryş edaralarynyň, Arkalaşygyň ýurtlarynyň bilim edaralarynyň wekillerini bir meýdançada birleşdirýän medeni-ykdysady taslamasy bolan “Moda arkalyşygy” atly halkara forumynda ýaşlary formatynyň giňeldilmegi meýilleşdirilýär.
Bu baradaky karar 2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda geçirilen forumyň iş toparynyň birinji mejlisinde kabul edildi. Täze formatyň çäklerinde ýörite “ýaşlar güni” guralar. Ol talyplara we ýoluny başlaýan ýokary taýýarlykly hünärmenlere niýetlener. Gatnaşyjylar özüniň kolleksiýalary we pikirleri bilen tanyşdyryp bilerler. Munuň özi döredijilik geografiýasyny giňeldip, GDA-nyň dürli ýurtlarynyň ýaş dizaýnerlerini özüne çeker.
GDA-nyň Hökümetara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiý moda senagatynyň döwrebäp meseleleriniň ara alyp maslahatlaşylmagyna ýaşlaryň çekilmeginiň wajyplygyny belledi. Ol Arkalaşygyň ýurtlarynyň bilermenlerini bu pikiri goldap, pudagyň ýaş hünärmenleriniň foruma gatnaşmaklaryna ýardam bermäge çagyrdy.

GDA-nyň HA-nyň Geňeşiniň Sekretariatynyň guramaçylyk müdirliginiň ýolbaşçysy Diana Surwilaýte foruma çagyrylyşygyň mart aýynda açyljakdygy barada habar berdi.
2024-nji ýylda foruma Russiýanyň 60 sebitiniň, şeýle hem Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen deň hatarda, Türkmenistanyň hem wekilleri gatnaşdy.
ORIENT news








