

Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleri Tähranda gepleşikleri geçirdiler
Tähranda Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy.


Tähranda Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy.


Sişenbe güni agşam Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Tährana geldi.


Duşenbe güni, 13-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $3,7 million we 7,3 million manat bolan 4 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow eýranly kärdeşi Saýed Ibragim Raisiniň resmi çakylygy boýunça sişenbe güni (14-nji iýunda) agşam syýasy we ykdysady ulgamyň ýolbaşçylarynyň ýokary derejeli wekiliýetine baştutanlyk edip, iki günlük sapar bilen Tähranda bolar diýip, duşenbe güni Mehr habarlar agentligi habar berdi.


Habar beriş serişdelerinde şu ýylyň tomsunda ABŞ-da «Real» bilen «Barselonanyň» duşuşjakdygy hakynda habar peýda boldy. «El-klasiko» 29-njy iýulda Maýaminiň «Hard Rok-stedium» stadionynda geçiriler. «Barselona» bilen «Realyň» 1991-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýoldaşlyk duşuşygynda ýüzbe-ýüz bolýandygy gyzyklydyr.


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $134,7 million we 973,5 müň manatlyk geleşikleriň 18-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Duşenbe güni iki ýurduň Daşary işler ministrleri telefon arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna boljak resmi saparyna taýýarlygyň çäklerinde ikitaraplaýyn çäreleriň guramaçylyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn günlerde Eýrana resmi sapar gurar diýip, IRNA habarlar agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.


Russiýanyň portlarynyň üsti bilen nebitiň üstaşyr daşalyşyny amala aşyrýan “CNPC-Aktobemunaigaz” kompaniýasynyň habar bermegine görä, 2022-nji ýylyň iýun aýyndan gazak nebitiniň eksport edilýän görnüşi KEBCO (Kazakhstan Export Blend Crude Oil) diýlip atlandyrylar. Resmi taýdan bu üýtgedilme 6-njy iýundan güýje girdi.


Ýekşenbe güni Aşgabatda Wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow Russiýanyň emele gelen ýagdaýlara garamazdan, döwletiň içinde bolşy ýaly, halkara derejesinde-de alyp barýan ýörelgesine pugta eýermegini dowam edýändigini aýtdy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Sapardurdy Toýlyýewe ilata agyz-burun örtükleriniň dakylma kadalaryny düşündirme çärelerini geçmegi tabşyrdy.


Türkmenisanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, ýurduň Oba hojalyk ministrligi, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimlikleri 2022-ni ýylda gant şugundyrynyň 224 müň tonnasynyň öndürilmegini üpjün etmeli.


15-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy wideoaragatnaşyk arkaly türkmen telekeçileriniň Hindistanyň işewürleri bilen duşuşygyny guraýar – diýlip, TSSP-nyň resmi saýtynda habar berilýär.


Prezident Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Minkab-iň mejlisinde Türkmenistanda suw üpjünçiligi boýunça Hökümet toparyny döretmek hakynda karara gol çekdi.


Anna güni, 10-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Owganystanyň telekeçisi 33 müň metr jinsi matasyny satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.