HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýanyň bilermenleri Aşgabatda sebitiň öňünde durýan wehimleri ara alyp maslahatlaşdylar

Dekabr 13, 2022 | 10:45 |11164
Şenbe güni Aşgabatda V Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçirildi. Maslahat Merkezi Aziýanyň döwletleriniň 5-niň strategik barlag institutlarynyň ýolbaşçylaryny we bilermenlerini hem-de beýlekileri bir ýere jemledi.Şenbe güni Aşgabatda V Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçirildi. Maslahat Merkezi Aziýanyň döwletleriniň 5-niň strategik barlag institutlarynyň ýolbaşçylaryny we bilermenlerini hem-de beýlekileri bir ýere jemledi.
Çeşme:

Şenbe güni Aşgabatda V Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçirildi. Maslahat Merkezi Aziýanyň döwletleriniň 5-niň strategik barlag institutlarynyň ýolbaşçylaryny we bilermenlerini hem-de beýlekileri bir ýere jemledi.

Soňky üç ýylda bar bolan meseleleri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde onlaýn arkaly ençeme gezek ara alyp maslahatlaşan bilermenler jemgyýetçiligi bu gezek türkmen paýtagtyna Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda ýüzbe-ýüz duşuşyga ýygnandylar. Şoňa görä-de, bu çäre Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygynyň bellenilmegi bilen bilen baglylykda, hem baýramçylyk mazmunyny, hem döwrüň çagyryşlaryna hem-de howplaryna jogap hökmünde ylalaşykly, agzybirlikli hereketleri gözläp tapmak ugrunda geosyýasy, geoykdysady konýunkturanyň bilermenler derejesinde öwrenilmegini özünde utgaşdyrýar.

1 (4).jpg

Forumyň giň gerimli gün tertibi köplenç alymlaryňka mahsus uly, ýöne, ýüze çykýan ilkinji nobatdaky meseleleriň ugurlaryny anyklaşdyrýan adynda hem şöhlelenýär. Şol meseleler boýunça oňa gatnaşyjylar öz pikirlerini aýtmak hem-de beýleki ýurtlardan bolan kärdeşleriniň pikirlerini diňlemek isleýärler. “Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary” – şu gezekki duşuşyk, ine, şunuň ýaly giň gerimli meseleleri gurşap aldy.

Forum Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. Institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew ýokary diplomatik mekdebiň myhmanlaryny hem-de foruma gatnaşyjylary myhmansöýerlik garşylady we şol bir wagtda BMG-niň baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) baştutany Natalýa Germany ýakynda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek komitetinde ýolbaşçy wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa söz berdi.

german.jpg

Natalýa German MAÖDSM-iň sebitiň ýurtlarynda strategik barlaglar institutlary bilen ýakyn aragatnaşygy ýola goýup, MA-nyň çäklerinde maslahatlaşmalar we öňüni alyş diplomatiýasyny öňe ilerletmek üçin meýdança hökmünde Merkezi Aziýanyň bilermenler forumynyň kemala gelmegine ýardam edendigini ýatlatdy. Forumyň ilkinji mejlisi 2018-nji ýylda Özbegistanda, ikinjisi bolsa Gazagystanda geçirilipdi. Olardan soňraky iki duşuşyk 2020-nji ýylda onlaýn arkaly guralyp, şolarda pandemiýa şertlerinde sebitleýin hyzmatdaşlyk baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Biziň işlermiziň netijeleriniň Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleriniň Konsultatiw duşuşyklarynyň jemleýji resminamalarynda mynasyp beýanyny tapandygy guwançlydyr” diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili aýtdy hem-de bilermenleriň bäşinji forumynyň sebitiň ýurtlarynyň işjeň ýakynlaşmagy we aýratyn-da, çylşyrymly halkara ýagdaýlary nazara alnanda, olaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi babatda geçýändigini belledi.

2 (6).jpg

Giriş sözlerini uzaga çekdirmän, ýöne, oňa hem diplomatik we maslahatda çykyş etmegiň ahlak kadasyny emele getirýän zerur düzüm bölegi hökmünde ähmiýet bermek bilen, forumyň delegatlary birinji mejlisiň meselelerine geçdiler. Ol Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmäge hem-de Aral deňziniň giňişliginde suw hyzmatdaşlygyna bagyşlandy.

Çykyş edenleriň hatarynda syýasy we filosofiýa ylymlarynyň doktorlary, biologiýa we tehniki ylymlaryň kandidatlary ýaly alymlary bolup, olar birek-birege umumy häsiýetli sözleri, beýanatlary we çagyryşlary aýtdylar. Gürrüňler anyk häsiýete eýe bolup, takyk maglumatlary, olaryň köpýyllyk ösüşindäki sanlary we degişli görkezijileri, ylmy taýdan esaslandyrylan baha bermeleri hem-de seljeriş çaklamalary, anyk teklipleri we bu ulgamdaky meseleleri çözmegiň üns bermäge mynasyp ýollaryny özünde jemledi.

govoryat.jpg

Pes uglerodly ykdysadyýeti gurmaga, serişde tygşytlaýjy we “ýaşyl” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegine üns çekildi.

Beýleki mejlis Merkezi Aziýada azyk howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky meselelere bagyşlandy. Ählumumy häsiýete eýe bolan bu örän uly möhüm meselä sebitiň ýurtlarynyň mysalynda ykdysady, durmuş, oba hojalyk, ekologiýa hem-de beýleki ugurlar boýunça garaldy. Olaryň ählisi bilelikde strategik barlaglaryň toplumy hökmünde kabul edilýär.

3 (3).jpg

Çykyş edenleriň hasabatlaryndan gelip boljak umumy netije uzak möhletli geljekde gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň maýa goýumlary çekmegiň, täze tehniklary we häzirki zaman önümçilik tehnologiýalaryny ulanmagyň, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyň, hojalygy dolandyrmagyň bazar ulgamyny özleşdirmägiň hem-de dünýä bazarlaryna işjeň çykmagyň hasabyna amala aşyrylmalydygyndan ybarat boldy.

Üçünji mejlis bolsa täze, ýöne, çynlakaý mesele bolan maglumat-kommunikasiýalar tehnologiýalary ulgamynda howpsuzlyk meselesine degişli boldy. Ýakynda kiberhowpssuzlyk millihowpsuzlygyň özbaşdak düzüm bölegine öwrüldi.

Seljerijileriň ençeme wagt bäri alada edip, degişli meseleler arkaly çykyşlar bilen ýüzlenýändigine garamazdan, jemgyýet indi-indi bu meseläniň wajypdygyna düşünip başlady, çünki maglumat jemgyýetçiliginiň we sanly ykdysadyýetiň kemala gelýän şertlerinde internet-torunda göreş alyp barmak üçin döwlet serhetleri asla ýokdur. Şu ýerde gadymy bir hakykaty neneň ýatlamajak: maglumata eýe bolan, dünýä eýelik edýär. Şu ýagdaýda gürrüň näderejede zurur bolşy ýaly, hem howpsuz bolmadyk MKT barýar. Ol edil lukmanyň ýa-da garakçynyň eline pyçak düşen ýalydyr.

cybersecurity.jpg

Bu baradaky meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmagy strategik barlaglar institutlarynyň bilermenleri bilen birlikde, ýaragly güýçleriň wekillerini hem, žurnalistleri we sosiologlary hem bir ýere jemledi. Taryh bize ylmy-tehniki pikirleriň köp gazananlarynyň adamlaryň diňe bir bähbidine ulanylmaýandygyny öwredýär. Häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary hem MKT-ni ýurtlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de olaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine işjeň ösdürmek we peýdalanmak üçin döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny ýüze çykarýar.

Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuzlygynyň iň esasy möhüm üç meselesiniň bilermenler forumynyň gün tertibine çykarylandygyny bellemek gerek. Şol üç mesele – ekologiýa, azyk we sanly howpsuzlyk – bu umumy çagyryşlara mynasyp hem-de netijeli jogap bermek üçin goňşy ýurtlaryň düýpli ýakynlaşmagyny göz öňünde tutýar.

Ýekşenbe güni foruma gatnaşyjylar Halkara Bitaraplyk gününe we BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň 15 ýyllygyna bagyşlanylan “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.

klimov.jpg

V Merkezi Aziýa bilermenler maslahatyna Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar merkeziniň, Gazagystan Respublikasynyň prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar institutynyň, Gyrgyz Respublikasynyň prezidentiniň ýanyndaky Milli strategiki institutynyň, Täjigistan Respublikasynyň prezidentinioň ýanyndaky Strategik barlaglar institutynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň, Halkara Merkezi Aziýa institutynyň, Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026