Öýde Täze ýyl baýramçylygynyň gurşawyny döredýäris – munuň üçin emeli gardan we arçanyň hoşboý ysyndan peýdalanýarys


Baýramyň öňüsyrasynda dogan-garyndaşlaryňyza we myhmanlara täze ýyl şatlygyny bermek gaty ýönekeý. Diňe birnäçe jikme-jiklik öýde isleýän gurşawyňyzy döretmäge ýardam berer. Munuň üçin «Bossan concept» bilen bilelikde özboluşly emeli gary we ýörite tagamly taýajyklary saýladyk.
Öýüňizi gury emeli gar bilen bezäň
Gury emeli gar – bu Türkmenistanyň bazarlarynda özboluşly önüm bolup, öýüňizde dessine täze ýyl baýramçylygy lezzetini döretmäge kömek eder. Ony birnäçe sekundyň dowamynda taýýarlap bolýar. Gury garyndynyň içine azajyk suw goşmak ýeterlikdir we jadygöýlik bilen hakyky gardan el degirmekden tapawudy ýok diýen ýaly akja gara öwrüler.

Emeli gary ulanmagyň köp sanly usuly bar, biz siziň bilen diňe iň meşhur we ýönekeý usullaryny paýlaşarys. Mysal üçin, öýüňizde çagalaryňyzyň onuň bilen oýnap biljegini aýratyn giň gaba salyp bilersiňiz. Öýüňize gelen myhmanlar hökman garyň hakyky ýa-da däldigi bilen gyzyklanyp, barlap görerler we bu bolsa, uly adamlarda hem Täze ýyl baýramçylygyndan täzeden lezzet almaga hökman ýardam berer.

Emeli gar täze ýyl arçasynyň töwereginde, şahalarynda-da diýseň ajaýyp görünýär. Şeýle hem beýleki bezeg gurşawynyň aýratynlyklary – sosna gozajyklary, arçanyň şahalary, täze ýyl çyrajyklary bilen özboluşly bezeg berip bilerler. Bu bolsa özüňizi garly tokaýda ýaly duýmaga ýardam berse gerek.

Dürli senetleriň muşdaklary emeli gar üçin has çylşyrymly görnüşlerini hem ulanyp bilerler. Internetiň üsti bilen öý bezeglerini nähili ulanmalydygy barada ýene ýüzlerçe usullary tapyp bilersiňiz.
Ýörite hoşboý ysly taýajyklardan peýdalanýarys
«Bossan conceptiň» dükanlaryndan «täze ýyl» baýramçylygy üçin ýörite taýajyklary satyn alyp bilersiňiz. Taýajyklar täze ýyl arçasyna dakylýar we töwerek-daşy çagalyk döwrümizdäki täze ýyl baýramçylygyny ýada salýan arçanyň ýa-da dalçynyň hoşboý yslary bilen baýlaşdyrýar.

Taýajyklar uzak wagtlap ajaýyp hoşboý yslary bilen begendirer we goşmaça «tokaý» bezegleri we emeli gar bilen bilelikde, myhmanlaryňyzyň özlerini ýakymly ertekiler tokaýynda ýaly duýmagyna ýardam berer.
«Bossan conceptden» şular ýaly we beýleki täze ýyl baýramçylyk bezeglerini kompaniýanyň Aşgabatdaky dükanlaryndan, şeýle hem resmi web saýtyndan bossan-concept.com we Instagram hasabyndan hem satyn alyp bilersiňiz: @bossan.concept, @bossan_flora, @bossan_outdoor_tm.
Dükanyň salgylary:
- 15-nji tapgyr, Mollanepes köçesi, «Dürdäneli» söwda merkezi,
- «Aşgabat» söwda merkezi, 2-nji gaty, A-2.01 dükany.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 72-60-60, 41-55-54.
Baglanyşykly okaň:
«Bossan concepti» bilen täze ýyl arçasyny saýlaýarys
«Bossan concepti» täze ýyl arçalaryny we dynç alyş enjamlaryny satmaga başlady
Aňrybaşy ýa-da klassyky – Täze ýyl arçasyny «Bossan concepti» bilen bezeýäris
ORIENT news
Surat: Bossan concept, eli.ru








