GDA ýurtlarynyň dogan şäherleriniň ilkinji duşuşygy 2024-nji ýylda geçiriler


Aşgabat şol wagta çenli Sankt-Peterburgyň ýa-da Moskwanyň dogan şäherine öwrülip, 2024-nji ýyla meýilleşdirilýän GDA ýurtlarynyň dogan şäherleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşyp biler. Bu çäräniň Moskwada geçirilmegi gaty ähtimal. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda TASS agetligine "Dogan şäherler" halkara birleşiginiň ýerine ýetiriji sekretary Olga Şirokowa habar berdi.
Birleşigiň ýolbaşçysynyň Aşgabat şäherine sapary türkmen paýtagtyny rus şäheri bilen dogan şähere öwürmek boýunça işi guramak bilen baglanyşykly. "Men Aşgabadyň – bu ajaýyp, owadan şäheriň Russiýanyň hem şeýle gözel şäherleri bilen dogan bolmalydygyna ynanýaryn. Elbetde, ol Sankt-Peterburg bilen doganlaşsa begenerdim, üstesine-de, olar ýakyndan gatnaşýarlar. Ýöne, Moskwa bilen hem bolup biler. Şäherleriň doganlaşan şäherleriniň sanynyň çägi ýok. Iň soňky karary ýurduň hökümet baştutanlary kabul eder" - diýip, Şirokowa belleýär. Ol GDA ýurtlarynyň dogan şäherleriniň duşuşygyna Aşgabadyň hem gatnaşyp biler ýaly, doganlaşmagyň 2024-nji ýyla çenli amala aşyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
“Dogan şäherler” halkara birleşigi 2024-nji ýylda 60 ýaşyny toýlaýar. Şu mynasybetli, gurama geljek ýyly “Russiýanyň dogan şäherleriniň ýyly” diýip yglan etmek we GDA ýurtlarynyň dogan şäherleriniň ilkinji duşuşygyny bu senä gabatlap geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi.
ORIENT news








