HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wiolonçelçisi "Glier güýzünde" “Saz bäsleşiginiň laureaty” diýen ada mynasyp boldy

Dekabr 13, 2022 | 10:06 |11595
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Aýlar Annamyradowa R.M.Glier adyndaky “Glieriň güýzi” atly VI Halkara saz bäsleşiginiň laureaty boldy. Bu bäsleşik Moskwada her ýyl dünýäniň iň zehinli ýaş sazandalarynyň arasynda onlaýn görnüşde geçirilýär we ýerine ýetirijileriň arasynda ýeňiş gazanmak üçin meşhur kompozitorlaryň repertuaryndan saýlanan eserleri ýerine ýetirmeli. Bu eserleriň juda çylşyrymly kompozisiýalardygyny aýtmalydyrys.Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Aýlar Annamyradowa R.M.Glier adyndaky “Glieriň güýzi” atly VI Halkara saz bäsleşiginiň laureaty boldy. Bu bäsleşik Moskwada her ýyl dünýäniň iň zehinli ýaş sazandalarynyň arasynda onlaýn görnüşde geçirilýär we ýerine ýetirijileriň arasynda ýeňiş gazanmak üçin meşhur kompozitorlaryň repertuaryndan saýlanan eserleri ýerine ýetirmeli. Bu eserleriň juda çylşyrymly kompozisiýalardygyny aýtmalydyrys.
Çeşme:

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Aýlar Annamyradowa R.M.Glier adyndaky “Glieriň güýzi” atly VI Halkara saz bäsleşiginiň laureaty boldy. Bu bäsleşik Moskwada her ýyl dünýäniň iň zehinli ýaş sazandalarynyň arasynda onlaýn görnüşde geçirilýär we ýerine ýetirijileriň arasynda ýeňiş gazanmak üçin meşhur kompozitorlaryň repertuaryndan saýlanan eserleri ýerine ýetirmeli. Bu eserleriň juda çylşyrymly kompozisiýalardygyny aýtmalydyrys.

Aýlar wiolonçelde saz çalýar we bu ugurda ýeňiji boldy. Emin agzalary bäsleşige gatnaşyjylary wideoýazgylar arkaly bahalandyrýarlar. Eminler toparynyň düzümine akademikler, professorlar, halk artistleri we at gazanan sungat işgrleri, Russiýanyň meşhur kompozitorlary, rus we daşary ýurt bilim edaralarynyň mugallymlary, şeýle hem Moskwanyň öňdebaryjy orkestrleriniň solistleri girýär.

10122022glierovskayaosen1.jpg

"Glier güýzi" Reýngold Morisewiç Glieriň gönüden-göni nesilleriniň, agtyklarynyň we çowluklarynyň, şeýle hem Moskwa oblastynyň hor jemgyýetiniň, Oleg Menşikowyň orkestriniň we Moskwa saz jemgyýetiniň goldawy bilen geçirilýär. Guramaçylar emin agzalary bilen bilelikde eserleriň ýerine ýetirilişine, ýaş artistleriň aýdym-saz ukybyna, çeperçiligine we tehniki başarnyklaryna baha berýärler.

Häzir Aýlar 22 ýaşynda, ol 10 ýaşyndan bäri bu saz guralyny elden goýanok. Aşgabat sazçylyk mekdebini tamamlandan soň, konserwatoriýa okuwa girdi we häzirki wagtda ol bu ÝOM-niň 5-nji ýyl talyby. Bu onuň halkara döredijilik bäsleşiginde ilkinji ýeňşi däl. Aýlar bir ýyl ozal Italiýada geçirilen “San-Remo” aýdym-saz festiwalynyň baýragynyň eýesi boldy. Şu ýylyň tomsunda bolsa Aýlar Annamyradowa Gruziýanyň Sinandali şäherinde geçirilen Halkara festiwalynda meşhur Pan-Kawkaz ýaşlar orkestriniň düzüminde çykyş etdi.

10122022glierovskayaosen2.jpg

Aýlaryň bu aýdym-saz synaglaryna çagalykdan bäri taýynlyk görýändigini aýtmak bolar, sebäbi ol heniz mekdep ýyllaryndan bäri dirižor Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmen döwlet orkestriniň düzüminde indi birnäçe ýyl bäri çykyş edip gelýär we toparyň ähli konsertlerine gatnaşýar. Onuň ýeňişler hazynasynda diňe bir halkara ýaryşlarynda däl, eýsem konserwatoriýanyň çäginde geçirilýän bäsleşiklerde gazanan baýraklary-da bar.

10122022glierovskayaosen3.jpg

TMK-daky mugallymlar Aýlaryň ýerine ýetiriş ukyplaryna ýokary baha berýärler we onuň öz ýaşy üçin aýdym-saz dünýäsinde belent sepgitlere ýetendigini tekrarlamak bilen, oňa ýene-de köp ýeňişleriň we üstünlikleriň ýaran boljakdygyna ynanýarlar.

10122022glierovskayaosen4.JPG

Gulýa Geldiýewa

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026