HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentara toparynyň ilkinji mejlisi 2023-nji ýylyň aprelinde geçiriler

Dekabr 13, 2022 | 10:27 |6520
Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentara toparynyň ilkinji mejlisi 2023-nji ýylyň aprelinde Moskwada we Astrahanda geçiriler. Bu barada Aşgabatda resmi sapar bilen bolan RF-niň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçew aýtdy diýip, TASS habar berýär.Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentara toparynyň ilkinji mejlisi 2023-nji ýylyň aprelinde Moskwada we Astrahanda geçiriler. Bu barada Aşgabatda resmi sapar bilen bolan RF-niň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçew aýtdy diýip, TASS habar berýär.
Çeşme:

Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentara toparynyň ilkinji mejlisi 2023-nji ýylyň aprelinde Moskwada we Astrahanda geçiriler. Bu barada Aşgabatda resmi sapar bilen bolan RF-niň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçew aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Kosaçew häzirki wagtda toparyň gün tertibiniň doly ylalaşylandygyny belledi. Ondaky meseleler toparyň ygtyýarlyklaryny ara alnyp maslahatlaşyljak wezipeleriň toplumyny we hemme guramaçylyk taraplaryny kesgitleýär. “Hususan-da, biz toparymyzyň mejlisini ýylda iki gezek – gezekli-gezegine Türkmenistanda we RF-de geçirmegi ylalaşdyk. Munuň özi yzygider gatnaşyklaryň mümkin bolan derejesidir” diýip, rus wise-spikeri düşündirdi.

Onuň sözlerine görä, topar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça meseleleri parlament gözegçiligine alar. “Iki ýurtda hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmeli bolar. Käbir ýagdaýlarda soňra gol çekmek üçin käbir hökümetara ylalaşyklaryny taýýarlamagyň talap edilmegi mümkin. Biz şu meseleleriň ählisi boýunça işlemäge goşulşarys.” diýip, Konstantin Kosaçew belledi.

Topar Türkmenistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moskwa bolan saparynyň barşynda 2022-nji ýylyň noýabrynda döredildi. Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko bilen bolan duşuşygyň netijeleri boýunça “Parlamentara toparyny döretmek hakynda” ylalaşyga gol çekildi.

-Ikinji mejlis geljek ýylyň sentýabrynda Aşgabatda we Türkmenbaşyda geçiriler - diýip, Federasiýa Geňeşiniň wise-spikeri gürrüň berdi.

Orient news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026