

Türkiýe Hazaryň üsti bilen türkmen gazynyň iberilmegine umyt edýär
“Awazadaky sammit biziň tagallalarymyzyň soňkusydyr we anyk mysalydyr. Energetika, ulag we täjirçilik meseleleri biziň sammitimizň gün tertibiniň esasy ugurlary bolar. Şu sebäpli biz gatnaşyklarymyzyň hukuk esaslaryny berkitmek üçin dürli ylalaşyklara hem gol çekeris” diýip, Rejep Taýyp Ärdogan sişenbe güni Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan sammitiniň öňüsyrasyndaky metbugat-maslahatynda aýtdy.




















