

Türkmen deputatlary Türküstanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumyna gatanaşýarlar
Merkezi Aziýa döwletleriniň ilkinji Parlamentara forumy anna güni Gazagystanyň Türkistan şäherinde geçiriler. Onuň işine Gazagystanyň, şeýle hem Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň parlamentarileri gatnaşarlar, olaryň wekiliýetleri eýýäm bu ýurda geldiler. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Gurbanmyrat Aşyrow ýolbaşçylyk edýär diýip, Gazagystanyň senatynyň metbugat gullugy habar berýär.



















