Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi


Şu gün Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Mejlisiň gün tertibine, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan meseleler girizildi.
Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew degişli döwürde alnyp barlan işler hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň degişli düzümleriň häzirki zaman tehnologiýalary hem-de harby ulgamda toplanylan öňdebaryjy tejribäni, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyrmak, Ýaragly Güýçler üçin işgärleri taýýarlamak we durmuş ugurly meseleleri çözmek babatynda ozal beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek boýunça görlen çäreler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Baş prokuror S.Mälikgulyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, milli kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişinde geçirilen barlaglaryň jemleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ähli ulgamlarda kanunylygyň berk hem-de dürs berjaý edilmegine gözegçilik etmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berildi.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow 2023-nji ýylyň başyndan bäri bu düzümiň işini ösdürmek boýunça Maksatnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň jemleri, şeýle hem garamagyndaky edaralarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylyşy barada hasabat berdi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň, paýtagtymyzyň we sebitleriň awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyndan goranmagyň kadalaryny berjaý etmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berildi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň iki aýynda geçirilen işleriň jemleri, garamagyndaky edaralarda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy, milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew garalýan döwürde ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny üpjün etmek, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Gözegçilik edýän düzüm böleklerinde häzirki zaman tehniki serişdelerinden peýdalanmak hem-de işgärleri taýýarlamak meseleleri hasabatda beýan edilen aýratyn ugurlar boldy.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda geçirilen işleriň jemleri, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek, garamagyndaky düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň serhet goşunlarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Soňra çykyş eden adalat ministri M.Taganow şu ýylyň iki aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, teklipleri taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümi ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň hem-de düzüm böleklerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy barada maglumat berildi.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýylyň başyndan bäri geçirilen işler hem-de Türkmenistanyň çäklerinden geçýän barha artýan ýük akymlaryny, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýük gatnawlarynyň bökdençsiz hereketini üpjün etmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Wоlsahatow bu düzümi ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy we bu ugurdaky öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine üýtgewsiz eýermek bilen, dünýä ýurtlary we halklary bilen dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny aýtdy. Şu ýörelgelere esaslanyp, Harby doktrinamyz diňe goranyş häsiýetine eýedir hem-de şoňa laýyklykda, geljekde hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň gurluşy yzygiderli kämilleşdiriler, Watanymyzyň goranyş ukyby berkidiler.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meselelere hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.








