Habarlar

Türkmen ilçisi COMSTECH-iň baş utgaşdyryjysy bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini maslahatlaşdyTürkmen ilçisi COMSTECH-iň baş utgaşdyryjysy bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini maslahatlaşdy

Türkmen ilçisi COMSTECH-iň baş utgaşdyryjysy bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini maslahatlaşdy

Türkmen ilçisi Atajan Möwlamow we Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça ministrler derejesindäki hemişelik komitetiň (COMSTECH) baş utgaşdyryjysy Muhammad Çoudari ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk COMSTECH-iň Sekretariatynda geçirildi diýlip, türkmen DIM-niň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

Milli parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýärMilli parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär

Milli parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär

Türkmenistanda möhüm syýasy-jemgyýetçilik möwsüme—Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýetip gelýän saýlawlaryna taýýarlyk işleri depginli dowam edýär. Ýerlerde okrug saýlaw komitetleri işleýär, şeýle hem uçastok saýlaw toparlary döredildi, olaryň işgärleri üçin okuw maslahatlary geçirilýär. 26-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilen bu çäre türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, halk häkimiýetliligi ýörelgelerini pugtalandyrmagyň ýolunda ädilen täze anyk ädim bolar.