Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaýynyň ajylyş dabarasy boldy


Şu gün paýtagtymyzda, Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda 9 gatly 108 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Bagtyýar maşgalalar hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda gurlup ulanmaga taýýar edilen täze ýaşaýyş jaýyna göçüp geldiler.
Täze jaýyň öňündäki meýdançada paýtagtymyzyň we şäheriň etraplarynyň häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, eneler, ýaşlar we Aşgabat şäheriniň köpsanly ýaşaýjylary, myhmanlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Dabaranyň dowamynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Açylyş dabarasyna gelen myhmanlar Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde “Jaý toýy” atly sahnalaşdyrylan çykyşa hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde “Gelnalyjy toýy” sahnalaryna tomaşa etdiler.
Soňra bolsa täze jaýyň öý eýelerine açarlar gowşuryldy. Täze öýüň açarlaryna eýe bolanlaryň arasynda sekiz çagaly maşgalalar hem bar.








