Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ýörite wekilleri emläklerini doňuny açmaga çagyryldy


Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ýörite wekilleriniň ilkinji ýygnagyna gatnaşanlar ýurduň maliýe serişdeleriniň daşary ýurt banklarynda doňunyň aýrylmagy barada gürrüň etdiler. Bu barada sişenbe güni Özbegistanyň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Ysmatulla Irgaşew aýtdy.
«Daşkentde geçirilen ilkinji duşuşygynda Owganystanyň goňşy ýurtlaryň ýörite wekilleri daşary ýurt banklarynyň hasabynda saklanýan owgan emläkleriniň çalt doňuny açmaga çagyrdylar, bu durmuş-ykdysady gytçylygy ýeňip geçmek we millionlarça owganlynyň ýaşaýyş şertleri gowulaşdyrmak üçin zerurdyr» – diýip, Irgaşew duşuşygyň netijesinde aýtdy.
«Owganystanyň Merkezi bankyndan yzyna gaýtarylan puluň, ilkinji nobatda, ... mekdep mugallymlaryna we lukmanlara aýlyk hakyny tölemäge we ilatyň kyn ýagdaýa düşen bölegini goldamaly gönükdirilmelidir» – diýip, belledi.
Daşkende geçirilen duşuşykda Özbegistanyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Eýranyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň wekilleri Owganystandaky ýagdaý, şol sanda ynsanperwerlik, adam hukuklary we aýallar we gyzlar üçin bilim barada pikir alyşdylar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2021-nji ýylda Owganystanyň hökümeti talibanlar tarapyndan agdarylandan bäri merkezi bankdaky takmynan 7 milliard dollar baýlygyny doňdurdy. Şeýle hem, 2 milliard dollar Ýewropa banklarynda doňduryldy.
Waşington serişdäniň bir böleginiň ýönekeý owganlara kömek etmek üçin gazna gitjekdigini belledi.
Birleşen Milletler Guramasy geçen aý Owganystandaky alty million adamyň açlyk howpuna sezewar bolandygyny we ilatyň üçden iki böleginiň açlykdan ejir çekýändigini we gyssagly kömege mätäçdigini aýtdy.
ORIENT news








