

Nanotehnologiýalaryň kömegi bilen arassa howadan dem alyň!
Ýadyma düşüşine görä, uly ýaşly adamlar çagalykdan başlap, meniň we meniň deň-duşlarymyň kalbyna ýokanç ýaýradyjy keseller hem-de howp salyjy mikroblar barada aýdyp, gorky salýardylar. Ýöne, ýaşymyz ulalyp, düşünjämiz artsa-da, biziň örän ownuk mikroskopik organizmleriň planetamyzda “hojaýynçylyk” edýän döwründe ýaşamaly boljakdygymyzy göz öňüne getiren az-azdyr.








