“Türkmentelekom” we "Jan Tehnologiýa” bilelikde – Start messenžeri


10-njy noýabrda Aşgabat şäherinde açylan Telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradioýaýlym enjamlary boýunça Halkara forumyň çäginde geçirilen "TürkmenTel-2022" maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň sergisinde programma üpjünçiligi, hyzmat kompaniýalary we maslahat beriş hyzmatlary boýunça innowasiýalaryň giň gerimi görkezildi.
Ýakynda android operasion ulgamynyň dolandyrmagynda işleýän dessin habar üçin işe girizilen Start messenžeri (habar ulgamy) sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.
Start – “Turkmentelecom” bilen “Jan Tehnologiýa” kompaniýasynyň bilelikdäki işläp taýýarlan taslamasy bolup, ol eýýäm synag üçin işe girizildi. Häzirlikçe müşderiler bu programmanyň synag üçin goýberilen görnüşini belet.me internet saýtyndan geçirip alyp bilerler. Gurnama faýly açylandan soň, ulanyjy kod bilen SMS habaryny almak üçin, öz ýaşaýan ýurduny we ykjam telefonynyň belgisini görkezmeli. Şundan soňra Start messenžerini ulanmak mümkin.
ORIENT news








